ZENAN BAR ÝERINDE GÖZELLIK BAR

Baharly etrabyndaky medeniýet öýünde Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasynyň, şeýle-de welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda «Zeminiň zynaty —zenan» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa döredijilik işgärleri, edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän ze­nanlar, mährem eneler gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa, ena-mamalarymyzdan miras galan el işleri, olary ösüp gelýän ýaş nesle öwretmek, şeýle-de enelerimlziň durmuş mekdebinde toplan tejribesi, nesillerimize geçiren nusgalyk göreldeleri dogrusynda gyzykly gürrüňler etdiler.

Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda zenanlara goýulýan aýratyn uly sarpa dogrusynda gyzykly gürrüň etdiler. Olaryň aýtmagyna görä, halkymyzda zenana, enä goýulýan sarpanyň irkl döwürlerden bärl dowam edip gelýändigine taryhymyz hem şaýatlyk edýär. Olary wasp etmedik ýazyjydyr şahyr ýok bolsa gerek. Yşk mülküniň şasy Mollanepesiň döredijiliginde «Seniň kimin gözel bolmaz jahanda» diýip taryp edilen gyz-gelinlerimiz halkymyzyň arzuw-umytlary, ýüzlerimiziň tuwagy hasaplanypdyr. Edebiýatda söz bilen waspy ýetirilen şol edep gözelliklerini zenanlarymyz öz durmuşlaryna siňdiripdirler. Olar zenan maşgala arnamyslylyk, haýalylyk, edep-ekramlylyk, asyllylyk çeper ellilik ýaly oňat häsiýetleriň ýaraşýandygyny bellediler.

Turkmen gelin-gyzlarynyň çeper ellerinden döreýän halylary, keçeleri el keşdeleri göreniňde-de, gadymdan gelýän milliligimiziň häzirki günlere çenli ýetip, barha kämilleşýändigine göz ýetirýärsiň. Gadymy zamanlarda entäk ylmyň, bilimiň ösmedik döwürlerinde-de zenanlarymyzyň zehlnlnlň ýokary derejede bolandygy, olaryň mlliligimize aýratyn üns berendikleri, diňe bir türkmen halkymyza däl, eýsem, bütin dünýä äşgärdir. Bu barada ençeme alymlar öz ylmy işlerinde-de, gazuw agta*yş işlerinde-de ýüze çykardylar. Şu zatlaryň ählisiniň aňyrsynda ýaşaýşyň edep kerwenini çeken mährem ene-mamalarymyzyň görüm-göreldesi bar.

II arasynda «Perzent enäniň dileglerl bilen ýalkanýar» diýen pähim bar. Şonuň üçin bolsa gerek, şahyr.

Eneň gezip ýörkä dünýäň ýüzimde,

Ýaza barabardyr gyşyň howasy,

Dogadan nep tapdym

diýýän bar bolsa, Megerem, sol doga enäň dogasy, diýip jaýdar ýazypdyr.

Oýlerimiziň bezegi eziz enelerimiz elmydama öz perzentlerine gowulyklaryň ýaran bolmagyny isleýär. Çagasy ýola rowana bolanda ak pata berip, sag gidip, aman gelmegini arzuwlap, ýagşy dilegler bilen ýola salýar. Enelerimiz maşgala ojagyny saklaýjy, hojalygyň agzybirliginiň we sazlaşykly ösmeginiň hem arkadaýanjydyr.

Çykyş edenler ene hüwdüsi barada hem gyzykly gürrüň etdiler. Ene dileglerini, Iň gowy arzuwlaryny hüwdülerine siňdirýär. Şonuň üçinem hemme zatdan eziz ene hüwdüsi hasaplanýar. Irki döwürlerde ene-mamalarymyz çaganyň geljekde edepli-terbiýeli, gowy häsiýetli bolup ýetişmekleri üçin öz gyz-gelinlerine ýagşy dilegli hüwdüleri köp öwreder eken. Olar ene bilen çaganyň arasyndaky göze görünmeýän duýgularyň kän bolup, olaryň çaga süýt bilen geçişi ýaly, hüwdiniň üsti bilen hem geçýändigini aýdypdyrlar. Hakykatdan hem, enelerimiziň her bir sözi, alkyşlary perzentleri üçin şamçyrag bolup durýar.

Dabaranyň dowamynda welaýatyň medeniýet merkeziniň bagşy sazandalarynyň ýerine ýetiren aýdymsazlary, tans toparlarynyň folklor oýunlary, mährem enelerimizi wasp edýän şahyrana goşgulary dabaranyň täsirini has-da artdyrdy.

Ýurdumyzda ruhy-ahlak köklere eýermek bilen, maşgala gatnaşyklaryny aýap saklamaga, zenanlaryň hukuklaryny we mertebesini, olaryň sagdynlygyny goramaga hormatly Prezidentimiz tarapyndan aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda 8 we ondan köp çagalary terbiýeläp ýetişdirýän enelere «Ene mähri» diýen hormatly at, zähmetde tapawutlanyp, päk görelde görkezen zenanlara «Zenan kalby» ordeni dakylýar. Munuň özl Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda zenana goýulýan sarpanyň has-da belentdedigini ýene-de bir gezek subut edýär.

Täsirli geçen dabarada çykyş edenler hormatly Arkadagymyzyň milli däp-dessurlarymyza berýän ünsüne, zenanlarymyza, enelerimize goýýan sarpasyna özleriniň hoşallyklaryny buýsanç bilen aýtdylar.

Aýjahan MÜLKJÝEWA

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com