ZENAN KALBYNYŇ ŞUGLASY

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllyk baýramy mynasybetli Balkanabat şäherindäki Bagt köşgünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda bäsleşik geçirildi. «Zenan kalbynyň şuglasy» ady bilen geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden işjeň zenan­lar gatnaşdylar.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 26 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamagy, asylly zähmetiň nusgasyny görkezýän işjeň zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny, ugurtapyjylygyny açyp görkezmegi we «Türkmeniň bereketli saçagy» atly kitapdan ugur alnyp, milli tagamlary we işdäaçarlary taýýarlamagy we olary wagyz etmegi maksat edinen bäsleşik dört şertden ybarat boldy.

Bäsleşige gatnaşyjylar hünärine bolan söýgi-buýsançlaryny, «Bereketli türkmen saçagy» atly kitap esasynda taýýarlanylýan datly tagamlaryň waspyny çeper sözleriň üsti bilen ýetirdiler. Ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän milli däp-dessurlarymyzy şöhlelendirip, supra ýazyp, ak un eläp, hamyr ýugurdylar.                                                                                                                                       Ýugrulan hamyry ýaýyp, berlen wagtyň dowamynda unaş kesmekde birek-birekden kem durmadylar. Halkymyzyň toý-baýramlarynda saçaklarymyzyň gelşigi bolan süýji nygmatlary taýýarladylar.                                                          Milli tagamlar bolan pişme, gatlama, petir, unaş, palaw, çekdirme, kädili, ysmanakly gutaplar, süýtlaş ýaly tagamlar, dürli görnüşli işdäaçarlar, tortlar bilen toý saçagyny bezediler.

Uly ruhubelentlige beslenen bäsleşikde oňa gatnaşan gelin-gyzlar öz çykyşlarynda Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti barada buýsançly gürrüň etdiler.  Halkymyzyň eşretli ertirlerimize bolan synmaz ynamyny özünde jemleýän bu baýramçylygy halkymyzyň üly dabara we mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylaýandygyny aýtdylar.                                                 Bäsleşigiň dowamynda welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi. Olarda ata Watanymyzyň, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň, beýik ösüşleriň sakasynda duran mähriban Arkadagymyzyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, sarpasy belentden tutulýan, gülden näzik gelin-gyzlarymyzyň waspy belentden ýaňlandy.

Bäsleşigiň jemi jemlenilende, Bereket etrabyndaky 8-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Baýrambagt Amanjanowa birinji, Serdar şäherindäki 2-nji orta mekdebiň mugallymy Zeýnepgül Tuwakowa ikinji, Serdar etrabyndaky 10-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Körpetäç Ballyýewa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijilerine sowgatlar gowşuryldy.

Nursoltan DEPBIÝEWA.

Balkan» gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com