GIŇDEN ÝAZYP TOÝ SAÇAGYNY

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk şanly toýy mynasybetli «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdaky datly tagamlary wagyz etmek we şäheriň edara-kärhanalarynda göreldeli zähmet çekýän zenanlaryň milli türkmen tagamlaryny taýýarlamakda ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesi Zenanlar birleşmesiniň şäher bölümi bilen bilelikde «Toý saçagyny giň ýazalyň, joralar!» atly bäsleşikli medeni-köpçülik çäresini geçirdi. «Çarlak» myhmanhanasynyň toý dabaralary zalynda aýdym-mukamlar astynda şowhun-şagalaňly, baý- ramçylyk ruhunda geçen çäräniň dowamynda tagam taýýarlamaga ussat gelin-gyzlar halkymyzyň däp bolup gelýän datly tagamlaryny bişirmek, toý saçagyna serenjam bermek, süýjülik nygmatiary taýýarlamak boýunça bäsleşdiler.

Onuň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini, Garaşsyz Diýarymyzy, bagtyýar zamanamyzy wasp eden sungat ussatlarydyr çeper höwesjeňler, tans we folklor toparlary tomaşaçylara ruhy lezzet paýladylar. Tagamlary we süýjülikleri taýýarlamakda, olary desserhana rejeläp äbermekde ýokary baha mynasyp bolan gelin-gyzlara sowgatlar gowşuryldy.

Gurbanmyrat MAŞRYKOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Balkan» gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com