Arkadagyň ylhamy- Aşgabadym gözelligiň göwheri

Durmuşda ýakymly wakalara beslenen şeýle bir pursatlar bolýar, hatda kerwen gurap geçip barýan ýyllaram olaryň täsirini egsip bilmeýär. Ol pursatlar hemişe ynsana ýakymly ýatlamalary peşgeş berip, ajaýyp duýgularyň ýumagyny çözläp gezýär. Şoňa görä-de, şol pursatlary ýatlan mahalyň her bir adamyň ýüregini mähir-muhabbet gurşap alýar. Şeýle ýakymly pursatlaryň biri güýz gününiň säherinde gözel paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 15-nji tapgyrynyň açylyş dabarasydyr. Arkadagyň yhlasyndan görklenýän Aşgabadyň oklaw ýaly göni hem giň köçesiniň ugrunda gurlan gupba ýaly kottejleriň, köp sanly medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly açylyp, ulanylmaga berilmegi oňa gatnaşanlaryň kalplaryna müdimilik ornandyr. 15-nji tapgyryň çäklerinde Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda 208 sany döwrebap 2 gatly kottej ýaşaýyş jaýlary, 8 sany 4 gatly we 8 sany 3 gatly, şeýIede 18 sany 12 gatly ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berildi. Paýtagtymyzyň ajaýypýerinde gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynda raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin amatly şertler döredilendir. Köçäniň ugry bilen uzaboýuna gidýän seýilgähler toplumy ýaşaýjylaryň dynç almagy üçin niýetlenendir.

Ol günki gözel Aşgabadyň giň gujagy bezemen toý lybasyna beslendi. Aýdym-sazyň belent owazy ir säherden çar ýana ýaň salýar. Binagärlik dürdäneleri açyk asmanyň astynda öwşün atyp, asyrlaryň şaýady hökmünde döredilen ýeri, ýurduň taryhy hakyndaky gymmatly maglumaty özünde jemläp, taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Gurlan binalaryň gözelligini synlanyňda dideleriň buýsanç düründen dolýar. Öňde-soňda öý-ojagy keramat saýyp, göwni deý giň jaýlarda ýazylyp-ýaýrap ýaşamagy ýaşaýşyň özenine deňeýän türkmen üçin bu bagtyň çüwmesidir. «Ýurduňyz garşy alsyn!», «Toýly jaý bolsun!», «Rysgal-bereketli jaý bolsun!» diýlen alkyşlar bu günki toý dabarasyna gatnaşyjylaryň kalbynyň senasy bolup ýaňlandy. Adamlaryň şatlygyna şaýat bolmakdan ýakymly pursat barmyka, eýsem?! Bize-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Hangeldi Atakaýewiň döwletli maşgalasynyň jaý toýuna goşulmak bagty nesip etdi. Ogul-gyzlary daşyny güllap oturan bu bagtly maşgalanyň öý bikesi, mugallym, Altyn Meňlibaýewa bilen söhbetdeşligimizi dowam etdirdik.

  •  Ýurduňyz garşy alsyn, döwletli jaý bolsun!

 Sag boluň, her biriňize-de şeýle bagt nesip etsin! Mähriban Arkadagymyzyň mübärek gadamynyň biziň bagtyýar maşgalamyza düşüp, täze jaýymyz bi­len gutlap, sowgatlar bermegi hakydamyzdan hiç wagt çykmaz. Maşgala, öý-ojak bolmak her birimiziň köňül arzuwymyzdyr. Agzybir maşgalamyzda 3 gyzym, 1 oglum bar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk toýunyň bosagasynda biziň maşgalamyza kottej jaýlardan berilmegi başymyzy göge ýetirdi.

Bu eşretleri näçe synlasaňam, dideleriňe doýma ýok. Täze jaýda eşretli ýaşaýyş üçin ähli şertler döredilen. Otaglarynyň ýerleşişi we giňligi diýseň oňaýly. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynda täze jaýlaryň eýeleriniň ýüzündäki şatlygy görüp neneň buýsanmajak?!

Hawa, bina gurmak, döretmek, ýol çekmek ata-babalarymyzdan miras galan ajaýyp ýörelgeleriň biridir. Bu günki gurulýan binalaryň — ýaşaýyş jaý toplumlarynyň waspy bir dessana deň. Bagtyýar döwrümiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň netijesinde her günümiz toý-baýram. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 15-nji tapgyrynyň binalarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi göwünlerimize ganat bekledi. Ak mermeriň ýalpyldysy töwerege ýalkym çaýýan ýokary amatlykly, owadan keşpli, kaşaň ýaşaýyş jaýlary bagtyýar döwrümiziň zynatydyr. Ata-babalarymyzyň ertekilere siňdirip, nesillere ýollan arzuwlary bu gün hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hakykat ýüzünde hasyl bolýar. Täze jaýyň açaryny almak bagty nesip eden ildeşlerimiziň dilleriniň senasyna öwrülip ýaňlanýan alkyşly sözler bagt mukamy bolup bu gün döwletli maşgalalaryň birnäçesinde ýaňlandy. Türkmen halkynda täze jaýa göçülende, onuň rysgal-bereketli bolmagy yrym edilip, duz-çörekli barylýar.

Ynha, gurmak gudraty! Gahryman Arkadagymyzyň ajap sungaty bolan Aşgabat — gözelligiň mekany, ajaýyplygyň mesgeni. Ynha, deňli-derejeli ýaşamak sungaty!

Dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň hersine hoşallyk bilen jogap gaýtarýan belent ýaşaýyş jaýyndan nesibeli ildeşimiz Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň orta bilim we terbiýeçilik işi bölüminiň baş hünärmeni Altyn Myratgulyýewanyň döwletli maşgalasyna hem şol jaýdan öý al­mak paýy nesip etdi. Öý bikesi Altyn gelneje köňül buýsanjyny şeýle beýan etdi:

— Ak mermerden gurulýan binalardan täze öýli bol­mak biziň maşgaIamyz üçin uly bagt. Öý-ojak ynsan üçin mukaddesdir. Mähriban Arkadagymyzyň agzybir öýümize Şa gadamynyň düşmegi döwletlilikden nyşan. Hormatly Prezidentimiz maşgala agzalarymyza toý sowgatlaryny gowşurdy. Arkadagymyzyň bina gurmak gudratyna haýran galýarsyň. Ene üçin iň uly bagt çagalary bilen bir supranyň başyna jem bolmakdyr. Pederlerimiziň paýhasyndan dörän «Öz öýüň bosagasy — jennet» diýen dana pähiminiň düýp manysy hem şundan gelip çykandyr. Çagalarymyzyň arkaýyn okamagy, dynç almagy üçin ýokary amatlyklary bolan üç otagly jaýymyzda myhman üçin niýetlenen ýörite uly otagyň bolmagy, çagalar üçin ýörite otaglaryň bolmagy, bizi diýseň begendirdi.

Bilim ulgamynda 33 ýyl bäri zähmet çekýärin. Garaşsyzlyk baýramymyzyň bellenilen günlerinde täze jaýdan paýly bolmak biziň maşgalamyza-da miýesser etdi. Seniň ömrüňe dahylly şeýle bagtly günde seniň bilen birlikde müňlerçe maşgalanyň şol bagtdan paýly bolmagy şatlygyňy goşalandyrýar. Goý, täze jaýlarda tutulan toýlar dowamat-dowam bolsun!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şeýle şatlyk-begenje, egsilmez alkyşa beslenen ýene bir gününde bagt paýyndan nesibeli ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny, alkyşly sözlerini diňlemek ýakymly. Goý, mähriban Arkadagymyzyň saýasynda şeýle bagtyýar günler kän bolsun! Döwlet Baştutanymyz tarapyndan amala aşyrylýan belent tutumly işler rowaçlyklara beslensin! Il-halkyň ykbalyny Garaşsyzlygyň gazananlarynyň döredijilikli dowamy bilen galkyndyrýan Gahryman Arkadagymyzyň belent başy aman, il-ýurdy abadan bolsun, badalga beren aýdyň ýollary asyrlardan asyrlara uzasyn! Kalbymyzdan çykýan şeýle ajaýyp setirler beýik Arkadagly bagtyýar zamanamyzyň waspy bolup ýaňlansyn.

 

Ýazgül ANNAÝEWA, «Zenan kalby»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com