Bäsleşik ökdäni saýlar

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşigi hem iň ökdeleri öňe saýlady. Ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň mer­kezi edara binasynda gözel paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanyp yglan edilen bu döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Edara binasynyň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bada-bat ünsüňi çekýär. Ilki bilen, älemgoşar öwüşgini bilen gözüň ýagyny iýip barýan ajaýyp halylarda nazaryň eglenýär. Ululy-kiçili halylar we haly önümleri, «Aşgabat 2017-niň» nyşany we şekili basylan dokma senagatynyň taýýarlan milli sport eşikleri, toýundan we keramikadan ýasalan dürli heýkeljikleriň toplumy, türgenleriň ýaryşlarda çykyş eden pursatlaryny janlandyrýan suratlar... bularyň ählisi bäsleşige hödürlenen eserlerden saýlanyp alnan. V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, bu oýunlaryň dünýä ýüzünde dabaralandyrylmagyna goşant goşmak, Aziadanyň waspyny ýetirmekde döredijilik işgärleriniň we höwesjeňleriň arasynda täze zehinleri ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän we höwesjeň raýatlaryň bir topary gatnaşdy. Olaryň işlerinde Türkmenistanda sport ulgamyn­da amala aşyrylýan gmöçberli düýpli özgertmeler, türgenlerimiziň ýurdumyzda we halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine ündemekde sportuň we bedenterbiýäniň tutýan orny hem giň beýanyny tapdy. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynda bize ýeňijileriň birnäçesi bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Ilki bilen, gözelligiň ajaýyp nusgasyny döredýän zenan, Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň halyçysy Enegül ALLANUROWA bi­len söhbetdeş bolduk. Ol şeýle gürrüň berdi:

— Halk arasynda «Hünärim bar, hormatym bar» diýilýär. Bu gün biziň çeper el hünärimiz sungat derejesine ýetirilip, sarpalanýar. Halyçylyk hünärine ýaşlygymdan höwes edip, bu sungatyň inçe tilsimlerini öwrendim. Üns beren bolsaňyz, Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň sergi bölümlerini, esasan, gadymy halylaryň asyl nusgasy bezeýändir. Asyrlar, ýyllar geçen ol halylary täzeden dikeltmek bilen biz olara täze öwüşgin berýäris. Türkmen halysyna we halyçy gelin-gyzlaryň zähmetine çuňňur sarpa goýýan hormatly Preziden-

timiz bize Şa serpaýlaryny ýapýar, hormatly atlar bilen derejeleýär. Bu bolsa bizi täzeden-täze haly nusgalaryny döretmegimize ruhy joşgun berýär. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlap dokan halymyzda gadymy nusgalary ulandyk. Guşly gölüň 17-sini dikligine salyp, ara gölüň ýerine bolsa, sportuň 21 görnüşini ýerleşdirdik. Haly diýseň owadan boldy. Owadanlygy, syklygy, nepisligi, nagyşlarynyň ýerbe-ýerligi bilen hem bu haly Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Türkmenistanyň Kärdeşlerar kalaşyklarynyň Milli merkeziniň hemde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden döredijilik bäsleşiginde hem ýeňiji bolmak miýesser etdi.

Halkymyzyň gadymy hem müdimi senetleriniň biri-de zergärçilikdir. Bu ajaýyp sungaty döretmekde gelin-gyzlarymyz uly ussatlyk görkezýärler. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam» sungaty kafedrasynyň mugallymy Aýjemal ÇARYÝEWA-DA ajaýyp işleri bilen tanalyp gelýär. Bu milli senediň nesilden nesle geçmeginde-de zergär gyzyň mynasyp paýy bar. Yklymyň iň uly sport baýramçylygy V Aziýa oýunlaryna bagyşlanyp geçirilen döredijilik bäsleşigine birnäçe şaý-sep eserleri bilen gatnaşyp, ýeňiji bolan zergär şeýle gürrüň berýär:

Ýerine ýetiren şaý-sep işlerimiň aglabasynda «Aşgabat 2017-niň» çeper keşbi bolan be­dew atymyzyň şekilini nagşa geçirip, wasp etdim. «Küşt şalygy» atly gülýakamda küşt tagtasyny, hakyk gaşlar bilen bezäp, ýerine ýetirdim. Türkmen halkymyzyň amaly-haşam sungatyny do­wam edip, ony has-da kämilleşdirmäge hormatly Prezidentimiz giň mümkinçilikleri döredip berdi.

          Döredijilik bäsleşigine çeper eserleri bilen gatnaşyp, ýeňiji bolan žurnalist “zenan kalby” žurnalynyň bölüm redaktory Keýik UMAROWA köňül kelamyny şeýle beýan etdi:

— Durmuşyňda bolup geçýän her bir şatlykly waka, hoş habar göwnüňi galkyndyryp, kalbyňy buýsanja besleýär. Ol çekýän zähmetiň bilen bagly bolanda, ähmiýeti has-da artýandyr. Çünki zähmetiňe berlen baha seni täze gözleglere, döredijilikli işlere, ýeneki üstünliklere ruhlandyrýar. Güýz paslynyň ajaýyp günündäki hoş habar, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolmagym, meni-de egsilmez şatlyga besledi. Paýtagt şäherimizde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanmagy, bu bäsleşigiň esasy aýratynlygydyr. Örän çekeleşikli we gyzykly geçen sport ýaryşlaryndan we olarda ýeňiş gazanan türgenleriň durmuşyndan, şeýle-de türkmen sportunyň taryhyndan gürrüň berýän köp sanly publisistik makalalar, oçerkler, goşgudyr poemalaryň arasyndan «Açyl, saçagym, açyl!» atly publisistik makalamyň iň gowy eserleriň hatarynda saýlanyp alynmagy, joşgunly kalbyma ganat bekledi. Bu makalada türkmen türgenleri bilen birlikde, dünýäniň çar künjeginden gelen türgenleri we myhmanlary jemgyýetçilik iýmiti bilen üpjün etmek meselesi ör-boýuna galýar. Milli aşhanamyzyň aýratynlyklary giňden açylyp görkezilýär.

Geljekde-de beýik ösüşlere, oňyn özgertmelere beslenen eziz Diýarymyzyň waspyny ýetirip, bu keramatly toprakda bolup geçýän halkara derejesindäki çäreleri dabaralandyrýan, dünýä ýaýýan eserleri döredip, ak ýürek bi­len yhlasly zähmet çekeris. Bizi şeýle döredijilikli işlere ruhlandyrýan mähriban hem Gahry­man Arkadagymyza jan saglygyny, uzak ömür arzuw edýäris.

Megerem, «Aşgabat 2017-niň» oýunlary ba­radaky makalalary bilen metbugat sahypalarynda yzygiderli çykyş eden we häzirki wagtda hem dowam etdirýän žurnalist, «Türkmenistan»

gazetiniň uly habarçysy Agageldi ITALMAZOWYŇ ady okyjylar köpçüligine has tanyşdyr. Zehinli žurnaliste döredijilik bäsleşiginde 1-nji orny eýelemek başartdy. Kärdeşimiziň buýsançly sözlerinde mähriban Arkadagymyza alkyşlar beýan tapdy: — Žurnalist hemişe gözlegdedir welin, käte onuň gözleýän zatlarynyň özem üstüne gelýär oturyberýär. Aşgabat Aziadasyna taýýarlyk görülýän günleriň birinde daýaw, 50 ýaşlaryndaky bir adam iş otagymyza gelip, özüniň alpinist — daga çykyjydygyny, Köýtendagyň iň beýik gerşine — Aýrybaba Döwlet baýdagymyzy we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny dikendigini aýtdy. Gürrüňdeşim özüni adyndan tanaýan meşhur alpinistlerimiziň biri Mäliknyýaz Hojanyýazow eken. Biri-birinden täsirli suratlar, resminamalar hyýallarymy alpinizmiň täsin hem täsirli dünýäsine alyp gitdi. Sanlyja günden bolsa, gazet sahypasynda Mäliknyýaz aga we onuň alpinistik topary barada «Belentliklerden Aziýa oýunlaryna çagyryş» at­ly makala peýda boldy we maňa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen birlik­de geçiren döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bagtymiýesseretdi.

Žurnalist hökmünde gyzykly, täsirli maglumatlary ýazyp, okyjylara ýetirmek biziň borjumyz. Onda-da bu maglumat paýtagtymyzda geçirilen yklym baýramçylygy bilen bagly bolsa.

Öz ýazgylarymyz bilen döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijisi bolmak bol­sa, bizi has-da ruhlandyrýar. Başdan geçirýän nurana günlerimiz, ertekilerden zyýada gelýän döwrümiz her kime öz miwesini eçilýär. Bize berlen ýokary baha, çeken zähmetimiziň miwesidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik işleri gyzgyny bilen okyjylarymyz bilen paýlaşmaga döredilýän giň mümkinçilik, örän amatly iş şertleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. «Aşgabat 2017» jahana ýaň salan sport baýramy. Eger bu baýramyň şatlyk-şowhunyndan okyjylara paý berip bilen bolsak, bu biziň zähmetimiziň ýerine düşdügidir. Goý, döwletli Diýarda Gahryman Arkadagymyzyň belent tutumlary mundan beýläk hem rowaç bolsun!

 

Ýazgül SAPAROWA.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com