Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ýene bir ajaýyp eser — «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitap türkmen halkyna Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk toýy mynasybetli uly sowgat boldy. Kitabyň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda bolup geçdi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşulular, medeniýet we sungat işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler bu taryhy eseriň ylmy ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň etdiler. Kitap girişden, sözbaşydan, 6 sany bölümden hem-de jemlemeden ybarat. Bölümlerde birnäçe rowaýatlar, hekaýalar, ertekiler, nakyllar, taryhy maglumatlar öz beýanyny tapýar.

Hakykatdan hem, Beýik Ýüpek ýoly gadymy döwürde halkara hyzmatdaşlygynda möhüm orun eýeläpdir. Döwletleri ýakynlaşdyrýan, olaryň arasyndaky dostlugy berkidýän bu ýol şol döwletleriň medeniýetlerini ýakyndan öwrenmäge-de ýardam edipdir. Kitabyň adyndan belli bolşy ýaly, bu eserde hormatly Prezidentimiz: «Taryhyň ähli döwürlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň şahalary,

ak ýollary, bagt ýollary dünýäniň çar künjünden Zeminiň ýüregi Türkmenistanyň goýnuna gelýär» diýip belleýär. Dabarada çykyş edenler bu taryhy eseriň ýaş nesillerimiz üçin gymmatly ylmy gollanma boljakdygyny aýratyn belläp geçdiler.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar bilen söhbetdeş bolanymyzda olar öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan etdiler.

Artykjemal Annaöwezowa, Baharly etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň mugallymy: — Döredijilik diýseň täsin duýgy. Ajaýyp zamanamyzyň gün-günden pajarlap ösüşini öz gözüň bilen görmek, onuň janly şaýady bolmak biz şahyrlara täzeden-täze eserleri döretmäge uly joşgun berýär. Gahryman Arkadagymyzyň bitirýän her bir işi dünýä nusgalykdyr. Toýlary toýa ulaşýan, goýny elwan gülli Watanymyzyň her bir güni möhüm wakalara, şanly senelere beslenýär. Ynha, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna gatnaşmak bagty maňa-da miýesser etdi. Bu maslahatda döwlet ähmiýetli meseleleriň birnäçesine seredilip geçildi, hormatly atlar dakyldy. Aýratyn bellemeli wakalaryň biri hem, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyny türkmen halkyna peşgeş bermegidir. Bu waka biz döredijilik adamlaryny aýratyn begendirdi. Kitap bilen tanşanyňda, onuň ýaş nesillerimize geçmiş taryhy ýolumyzy öwrenmekde gymmatly gollanma boljakdygyna göz ýetirýärsiň. Taryhy maglumatlara baý bu eser aýratyn hem biz, mugallymlar üçin okuwçylarymyzy terbiýelemekde, olara taryhymyzy öwretmekde uly gollanma bolar. Men öz ýürek buýsanjymy goşgy setirlerim bilen beýan edesim gelýär:

Ýazynda akýagşy, sili joşurar,

Juwandyr bu Watan, ýene ýaşarar, Bagşysynam, şahyrynam joşurar, Döwrümiz bar döwürlerden zyýada.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen halky¬na peşgeş beren şu bagtyýarlyk döwründen, giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, özümiň goşgy setirlerimde Watanymyzyň gülläp ösüşini, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe waspyny ýetirip, täze-täze eserlerimiz bilen çykyş edip durarys. Her günki dogýan Gün ähli türkmen halkyna şowlulyk getirsin!

Garry Meňliýewa, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti:

— 2017-nji, ýagny Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly meniň durmuşymda örän şatlykly ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl maňa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen adyň eýesi bolmak bagty miýesser etdi. Bu bagta eýe bolandygyma buýsanjymyň çägi ýok. Gahryman Arkadagymyz biz sahna ussatlaryna giň sahnalarda çykyş etmegimiz üçin uly mümkinçilikler döredip berýär. Täze-täze, döwrebap teatrlar gurlup, ulanylmaga berilýär. Biz medeniýet we sungat işgärlerine hem şu döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, uly höwes bilen döredijilikli işlemek galýar. Ýurt Baştutanymyzyň türkmen halkyna sowgat eden «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýoluny ýüregi» atly kitaby hem biz sahna ussatlaryna taryhy sahnalary döretmekde ähmiýeti uludyr. Geljekde hem biz sahnada täze-täze taryhy şahsyýetleriň keşplerini döredenimizde bu kitapdan peýdalanarys.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň bagtyýar ýaşaýşy üçin amal edýän işleri sanardan kän. «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ada ikinji gezek mynasyp bolmagy Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işleriniň netijesidir.

Arkadag Prezidentimiziň Watanymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com