Zeminiň zynaty-zenan

Žurnalistiň iň ýatda galýan pursatlary haýsydyr bir edara-kärhana ýa-da etraba, şähere baryp, şol ýerde işleýän, ýaşaýan adamlar, zenanlar bilen döredijilik duşuşyklaryny geçiren günleridir diýip, pikir edýärin. Sebäbi ozal saňa tanyş bolmadyk adamlar bilen tanyşmak, olar bilen ýüzbe-ýüz bolup, hal-ahwallary, ýaşaýyş-durmuşlary, gündelik aladalary, şatlyklary, geljekki meýilnamalary bilen tanyşmak, olaryň ykbalyna az-kem bolsa-da, dahylly bolmak žurnalistler üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşap, zähmet çekip, ata Watanymyzyň her günki ösüşlerine öz goşandyny goşup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly günleriniň ösüşlerini taryhyň zer sahypalaryna ýazýan adamlar biziň makalalarymyzyň, döredýän eserlerimiziň baş gahrymanlarydyr. Şonuň üçin her haçan haýsydyr bir ýere döredijilik duşuşygyna gitmeli bolsa, kalbym şol tanyş hem nätanyş adamlara tarap atygsaýar. Ynha, bu gezek hem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, «Zenan kalby» žurnalynyň hem-de Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde Baharly etrabynyň zähmetde öňdebaryjy zenanlary bilen geçirilen «Zeminiň zynaty — zenan» atly, aýdym-sazly döredijilik duşuşygy kalbymda birnäçe buýsançly duýgulary oýardy.

Güýzüň jana şypa berýän ajaýyp gününde paýtagtdan Baharly etrabyna barýan göni ýoluň iki gyrasyndaky saralan baglaryň soňsuz hataryny, hol, uzaklara ýaýylyp ýatan

 

güýz görnüşlerini ulagyň aýnasyndan synlap barýarys. Ulagymyz etraba giren ýeriňdäki ak mermerli ajaýyp kaşaň binanyň, ýagny Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Medeniýet öýüniň deňinde saklandy. Kaşaň bina bu gün da­baraly görnüşe beslenipdir. Binanyň töweregi gül-gülälegi ýada salýan bezemen gelin-gyzlardan doludy. Hawa, bu gün bu ýere etrabyň öňdebaryjy zenanlary, ussat halyçylar, işewür-telekeçi zenanlar, çagalar baglarynyň terbiýeçileridir orta mekdepleriň sylagly mugallymlary, eden işi nusgalyk, sözlän sözi güwälik diýilýän kümüş saçly enelerimiz — ählisi ýygnanypdyr.

Bu toprak gadymyýetde-de zehinli bagşy-sazandalaryň, şahyrdyr ussat halyçylaryň, zähmetsöýer daýhanlaryň ýaşan mekanydyr. Has dogrusy, Baharly etrabyna sungat adamlarynyň mekany diýsek hem ýalňyşmarys. Taryhda özleriniň ajaýyp zehini bilen türkmen sungatynyň ösmegine uly goşant goşan Oraz bagşyny, onuň şägirdi Sary bagşyny, meşhur sazandalar Pürli Saryny, Nury Saryny, labyzly sesi bilen aýdym-saz muşdaklarynyň göwnüni awlamagy başaran Orazgeldi Ylýasowy, ýerine ýetiren ajaýyp keşpleri bilen türkmeniň teatr sungatyna önjeýli goşant goşan Türkmenistanyň halk artistleri Sabyr Ataýewany, Liza Garaýewany, mahmal sesi bilen meşhurlyk gazanan Türkmenistanyň halk artisti Oguljahan Mämikowany, Durdy Saparowy, Hommat Jelili, şirin zybanly şahyr Gara Seýitlini, ýazyjy Mämmet Seýidowy, türkmeniň saz älemine täzeçillik getiren ussat kompozitor Nury Halmämmedowy ýatlanyňda şeýle uly şahsyýetleri dünýä beren bu topraga bolan söýgiň has-da artýar.

Hawa, bu gün bu ýere zenanlar ýurdumyzda zenanlaryň ýeke-täk neşiri bolan «Zenan kalby» žurnalynyň döredijilik topary, şeýle hem ýurdumyzyň belli şahyrlary, aýdymçylary, artistleri bilen duşuşmaga geldiler. Duşuşyga gatnaşan myhmanlar çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlary nazarlaýan şu günlerinde türkmen zenanlarynyň jemgyýetdäki, ene, öý bikesi hökmünde maşgaladaky orny, durmuşda zenanlaryň edep-terbiýe meselesine dahylly ýeriniň has köpdügi barada-da çykyş etdiler. Zenan mertebesini saklamak, milli mirasymyzda bar bolan däp-dessurlary, edim-gylymlary, milli mirasymyzyň genji hazynasy hasaplanylýan haly dokamak, keşde çekmek, gaýma gaýamak, örmek ýaly inçe el işlerini geljeki nesillere öwretmekde we ony aýawly saklamakda gelin-gyzlara uly ornuň degişlidigini bellediler. Ýurdumyzda mähriban Arkadagymyz we döwlet tarapyndan zenanlara goýulýan uly hormat-sarpa barada aýtmak bilen duşuşyga gatnaşan şahyrlar Watan, Arkadag, ene, söýgi baradaky şygyrlaryny okap berdiler.

Döredijilik duşuşygynda şahyrlar Dürnabat Aşyrowanyň, Artykjemal Öwezowanyň okan şygyrlary, žurnalistler Ogulgözel Şagulyýewanyň, Ýazgül Annaýewanyň çykyşlary, Türkmenistanyň at gazanan artisti Göwher Muhammetgulyýewanyň ýerine ýetiren keşplerinden okan monology, Ogulsenem Durdyýewanyň okan goşgulary, şeýle hem Ahal welaýatynyň medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary dabara gatnaşanlarda uly täsirgaldyrdy.

 

«Zenan kalby».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com