BAGTDAN PAÝLY ZENANLAR

          Golaýda Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň kanunçylyk namalary we halkara hukuk resminamalary boýunça «Türkmenistanda zenanlaryň hukuklary» atly okuw maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdy.

Berkarar döwletimiziň ösüşlerinde zenanlaryň ornunyň, jemgyýetde alyp barýan işleriniň ähmiýetiniň uludygyny bellemelidiris. Häzirki döwürde ýurdumyzda gelingyzlaryň hukuklary we azatlyklary döwlet tarapyndan ygtybarly derejede üpjün edilýär.Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, zenanlarymyzyň asuda ýurdumyzda erkana ýaşamagy, bilim alyp, hünär öwrenmekleri, işlemekleri üçin ähli zerur şertler döredilendir. Zenanlaryň jemgyýetdäki ornunyň ýokarlanmagy, olaryň diňe mümkinçilikleriniň artmagyna däl, eýsem, döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine-de itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiziň hukuk özgertmeleriniň çäklerinde ýurdumyzda maşgalany goldamakda, zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny giňeltmekde, aýallar babatdaky hal¬kara hukuklaryň esasy ýörelgeleri esasynda milli kanunçylygy kämilleşdirmekde, çagalaryň, eneleriň hukuklarynyň berjaý edilişine talaplary güýçlendirmekde Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynda köp işler bitirildi.

Türkmenistan Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlaryna deňhukukly gatnaşmak pikirini berkitmäge gönükdirilen işjeň gender syýasatyny ýöredýär.

Zenanlar hakyndaky alada mähriban Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar: «Biz zenanlarymyzyň ruhy-ahlak, paýhas we zähmet mümkinçiliklerine ýokary baha berýäris. Zenanlaryň kanuny bähbitlerini we hukuklaryny goramak, olary döwlet tarapyndan ýeňillikler bilen üpjün etmek türkmen jemgyýetini durnukly ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar» diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Dogrusy, ol gün beýik münberden zenanlaryň hukuklary barada edilen çykyşlaryň ählisi uly gyzyklanma bilen garşylandy. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň turuwbaşdan, zenan buýsanjy bilen bagly şahyrana çykyşyndan başlanan söhbetleriň dowamy zenan durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine aldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlar erkek kişiler bilen deňhukukly. Biz okuw maslahatyna gatnaşyp, zenanlaryň käbirleri bilen bu barada söhbetdeş bolduk.

Maral ÝAÝLYÝEWA, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň usulyýet müdirliginiň başlygy:

—      Meniň pikirimçe, zenanyň bagtly bolmagy üçin o diýen bir uly zat gerek däl. Zenan öz bagtyýarlygyny Watanyň asudalygynda, ýurduň bolçulygynda, çagalarynyň gaýgy-aladasyz ýaşaýşynda, olaryň bagtyýarlygynda görýär. Şu zatlaryň ählisi jemlenip, zenanyň bagtyny aýan edýär. Haýsydyr bir döwlete baha berlende bolsa, ilki bilen, şol ýurtdaky zenanlaryň ýagdaýyna, olaryň maşgala abatlygyna seredilip, baha berilýär. Şu babatdan, türkmen zenanlary iň bagtyýar zenanlardyr.

Sebäbi biziň ýurdumyzda zähmetiň has oňaýly şertlerini döretmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş goraglylygy syýasaty alnyp barylýar. Ýurdumyzyň Zähmet kodeksinde hem, aýal-gyzlar we çagaly eneler üçin birnäçe ýeňillikler göz öňüne tutulandyr.

Maýa DURDYÝEWA, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň Reproduktiwsaglygy Milli merkeziniňýolbaşçysy:

—      Reproduktiwsaglygy halkara derejesinde adamzadyň ösüşinde belli bir bölegi diýlip hasaplanýar. Oňa ilatyň umumysaglygy,ýurtlaryň ösmegi baglydyr. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň esasy öňdebaryjy ugrunyň syýasaty ilatyň reproduktiw saglygyny goramak bolup durýar. Şol babatda onuň esasy maksatlarynyň

biri maşgalada jogapkärçilikli enelik we atalyk, olara çagalaryň sanyny isledikçe çözmeklige mümkinçiligi döretmek göz öňünde tutulýar. Zenan maşgalalarymyzyň we geljekki nesillerimiziň saglykýagdaýlary wajyp orunlaryň birini tutýar. Döwletimizde her bir maşgala zenanyň göwreliligine, çaga dogumyna uly bagt, höwes we uly borç hökmünde garaýar. Türkmen halky köp çagalylygy döwletlilik hasaplaýar. Şol sebäpli köp çaga dogran zenanlara hökümet tarapyndan goldaw berilýär hem-de zenanlaryň hukuklary goralýar.

Hawa, ol günki okuw maslahatynda ähli ulgamlardan hünärmenler çykyş etdiler, çykyşlaryň sowallar bilen üsti ýetirildi. Umuman, Türkmenistanda zenan hukuklarynyň ýerlerde amala aşyrylyşy, bagtyýar zenanlaryň ýurdumyzyň ösüşlerinde tutýan mynasyp orny barada giňişleýin gürrüň edildi.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com