Täze üstünlikler bilen

          Täze ýylyň öň ýanynda paýtagtymyzdaky «Toý mekany» medeni dynç alyş merkezi baýramçylyk lybasyna beslendi. Älemgoşar öwüşginli Täze ýyl arçalary, milli lybasly gyz-gelinler bu ýerde geçirilen «Üstünlikler seniň şanyňa, Täze ýyl!» ady bilen baýramçylyk dabarasynyň bezegini artdyrdy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde gurnan baýramçylyk dabarasyna milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda göreldeli zähmet çekýän zenanlaryň uly topary bilen birlikde hormatly dynç alyşdaky enelerimiz hem gatnaşdy.

Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda bagtyýar halkymyz uly üstünliklere, şanly ýeňişlere, taryhy senelere baý bolan Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyny ugradyp, Täze — «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan ýyla gadam basdy. 2017-nji ýylyň her bir wakasy türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylan belent sep­gitler, obalarymyzyň şäher bilen deňleşmegi, baş şäherimiziň dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gözelleşmegine getirdi. Ilkinji nobatda, bu ýylda halkymyzyň agzybirlik bilen biragyzdan ses bermegi netijesinde hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanylmagyny, şeýle-de mähriban Arkadagymyza ikinji gezek Türkmenistanyň Gahrymany diýen ýokary derejeli hormatly adyň dakylmagyny uly buýsanç bilen bellemek bolar. Mermer paýtagtymyzda iri sport baýramçylygynyň — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçirilmegi bilen 2017-nji ýyl türkmen taryhynda öçmejek yz goýdy. Sport ýaryşlarynda türkmen türgenleri tarapyndan gazanylan sansyz ýeňişler Garaşsyz Watanymyzyň hem agzybir halkymyzyň şan-şöhratyny ýene-de bir gezek äleme ýaýdy.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz Watanymyzyň dünýä derejesindäki abraýy barha artýar. Daşary döwletler bilen bähbitli hyzmatdaşlyklar has-da ösdürilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 12-nji dekabryny «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek barada kabul eden kararyna laýyklykda, 2017-nji ýylda biz ilkinji gezek hemişelik Bitaraplyk baýramymyzy halkara derejesinde belläp geçdik. Şonuň ýalyda, Türkmenistanda BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň 10 ýyllygy dabaraly bellenildi.

Täze ýylyň öň ýanynda geçirilen baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler geçen ýylda gazanylan deňsiz-taýsyz ösüşler, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eşretleri barada buýsançly gürrüň etdiler. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň şowhunly aýdym-sazlary, «Näzli» hem-de «Ak mer­mer» tans toparlarynyň milli tanslary gyzgyn garşy alyndy. «Üstünlikler seniň şanyňa, Täze ýyl!». Baýramçylyk dabarasynda bu şatlykly jümleler dilden-dile geçip, uly ruhubelentlik bilen garşy alnan, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan Täze ýylyň hem uly üstünliklere, beýik ýeňişlere, taryhy we şanly senelere beslenmegi arzuw edildi.

Täze — 2018-nji ýylyňyz düşümli, rysgal-bereketli, toý-baýramly bolsun, mähriban ildeşler!

 

«Zenan kalby».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com