Mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzda kümüş saçly enelerimize, ak sakgally ýaşulularymyza goýýan hormaty çäksizdir. Ony her bir ädimde duýýan ildeşlerimiziň milli Liderimize alkyşlary çäksizdir. Ine, şular hakynda 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Ahal welaýa

            Mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzda kümüş saçly enelerimize, ak sakgally ýaşulularymyza goýýan hormaty çäksizdir. Ony her bir ädimde duýýan ildeşlerimiziň milli Liderimize alkyşlary çäksizdir. Ine, şular hakynda 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Ahal welaýatyndaky «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasynda bolup geçen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynyň belent münberinden eden çykyşynda Lebap welaýatynyň Halaç şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ogulsapar Çaryýewa ene kalbyndan çykýan sözleri bilen nygtady. Hawa, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eşretini görüp ýaşaýan halkymyz bu günki ýeten bagtyna diýseň guwanýar, buýsanýar. özüniň manyly ömrüniň 40 ýyla golaýyny sungata bagyş eden bu mährem ýürekli zenan bu gün kümüş saçly ene. 01 mundan 45 ýyl ozal Türkmenabadyň tikin fabriginde ýönekeý tikinçi bolup zähmet ýoluna başlapdy. Şondan soňky okalan lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Leningrad şäherindäki jemgyýetçilik işgärlerini taýýarlaýan ýokary mekdep — bularyň barysy ýaş gyzyň ömür ýolundaky basgançaklar bolupdy. Şol ýyllar okuw-bilimden öz ýetdik paýyny alan ýaş gyzyň ýene-de özüniň dogduk mekanyna — Halaç etrabyna dolanyp gelmegi onuň ukyp-başarnygyna giň ýol açypdy. 01, etrapdaky çeper halyçylyk kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygy guramasyna ýolbaşçylyk etmek bilen, bu ýerde «Nagyş» atly çeper folklor toparyny döredýär. Halyçy gyz-gelinlerden düzülen bu toparyň agzalary türkmeniň halyçylyk sungatynyň taryhyny, däp-dessuryny, gözelligini wasp edýän täsirli çykyşlary bilen diňe bir etrapda däl, welaýat, döwlet derejesindäki toý-baýramlarda hem çykyş edip, köpçüligiň söýgüsini gazanyp başlaýarlar. Birnäçe gezek döwlet derejesindäki bäsleşiklere gatnaşyp, ýeňiji hem bolýarlar. Halyçylardan düzülen bu folklor toparyň çykyşlary soňra Halaç etrap medeniýet

bölüminde hereket edýän «Akdepe» folklor topary bilen birleşýär. öz işiniň ussady bolup ýetişen Ogulsapar Çaryýewa etrabyň zenanlar guramasynyň başlyklygyna saýlanansoň, şol döwürde obalary aýlanyp, zehinli gyz-gelinleri ýüze çykarmakda tagalla baryny edýär. Netijede, etrabyň «Akdepe» folklor toparyna täze-täze zehinli gyz-gelinler goşulýar. Olaryň her bir çykyşyna halk köpçüligi höwes bilen tomaşa edýär. Barha kämilleşýän bu topar 2008-nji ýylda Nowruz ýaýlasynda geçirilen folklor toparlarynyň arasyndaky bäsleşikde ýeňiji bolup, baş baýragy hem eýeleýär. Şonda «Akdepe» toparynyň çykyşyna tomaşa eden ildeşlerimiz türkmeniň şeýle baý mirasyny, däp-dessurlaryny ussatlyk bilen görkezen halaçly zenanlaryň zehinine haýran galmak bilen tomaşa edipdiler. Ine, şeýle üstünliklerde özüniň mynasyp paýynyň bardygyna Ogulsapar Çaryýewa bu gün diýseň buýsanýar. 2011-nji ýylda bolsa ol Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşigine gatnaşyp, şu bäsleşigiň «Jemgyýetçilik Işlerine işeňňir gatnaşýan zenan» ugry boýunça ýeňiji boldy.

Halaç etrabynda ony hemmeler tanaýar, sylaýar we hormat goýýar. Sebäbi özüniň bütin ömrüni sungat dünýäsine bagyş eden Ogulsapar Çaryýewanyň gujurly, gaýratly kalby adamlara bolan söýgüden püre-pür. Geçen ýyl Türkmenistanyň Yaşulularynyň maslahatynyň dowam edýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň hut özüniň Ogulsapar Çaryýewa «Zenan kalby» ordenini gowşurmagy bolsa onuň durmuşynda hiç wagt ýatdan çykmajak waka boldy. 01 şonda buýsanjyny şu setirlerde beýan etdi:

Sag bol, Gahrymanym, sag bol,Arkadag,

Seň baryňda ulus-ilim bagtyýar.

Alla ömrüň uzak etsin ylaýym,

Goý, ömürlik dursun sende ygtyýar.

Hudaýberen ABRAYEW. «Turkmenistan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com