GAHRYMAN ARKADAGYŇ KITABY UMUMADAMZAT GYMMATLYGYDYR

Welaýat döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkanabat şäher geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda şeýle at bilen bäsleşik geçirildi. Oňa dürli kärde zähmet çekýän adamlar gat- naşdylar.

Bäsleşige gatnaşanlar onuň şertlerine laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndan bölekleri labyzly okadylar. Bu ajaýyp eseriň milli gymmatlyklarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi içgin öwrenmekde, olary ýaş nesliň aňyna ýetirmekde uly ähmiýetiniň bardygyny çykyşlarynda beýan etdiler. Bäsdeşler mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, raýatlaryň zähmet joşgunyna özleriniň ýürek buýsançlaryny aýdym-sazlaryň, goşgularyň, dessanlardan bölekleriň, küştdepdidir gazallaryň üsti bilen açyp görkezdiler. Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň ösdürilmegi, gadymy ýol-ýörelgelerimiziň içgin öwrenilmegi, olaryň ösüp gelýän ýaş nesliň aňyna ýetirilmegi üçin ak ýollary açýan mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Bäsleşigiň jemi jemlenilende, Balkanabat şäherindäki 15-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Sülgün Baýlyýewa birinji, 1-nji saglyk öýüniň şepagat dogany Toýly Aýydow ikinji, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebit çykaryjy enjamlary abatlamak boýunça uly ussasy Sahymämmet Amanow üçünji orunlary eýelediler we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Soňra welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi tarapyndan guralan el işleriniň we amaly-haşam sungatynyň sergisine hem-de welaýat we şäher kitaphanalarynyň guran «Beýik Ýüpek ýoly-geçmişiň, şu günüň, geljegiň ýaňy» atly kitap sergisine syn edildi.

Nursoltan DEPBIÝEWA.

«Balkan» gazeti.         

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com