GYZYKLY BÄSLEŞIK

Balkan welaýat döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde yglan eden hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly gymmatly kitaby esasynda «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» at­ly bäsleşigiň Balkanabat şäher tapgyry ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi.

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasynyň önümi bolan bu ajaýyp eseri giňden öwrenmegi, onuň many-mazmunyny ildeşlerimize ýetirmegi, mil­li gymmatlyklara baý bolan şöhratly taryhymyzy içgin özleşdirmegi, nurana geljegimiziň eýeleri boljak ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemegi, eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlarda gazanýan rowaçlyklaryna dahylly bolmagy maksat edinen bu bäsleşik turuwbaşdan täsirli pursatlar bilen tapawutlandy. Bäsleşikde çykyş edenler bu taryhy kitabyň Balkan welaýatyna degişli sahypalaryndan bir parçany labyzly okamak, sebite degişli bir wakany ussatlyk bilen sahnalaşdyrmak, kitabyň özlerinde galdyran täsirini  milli däp-dessurlara laýyklykda dabaraly wasp etmek şertleri boýunça özara bäsleşdiler.

Olaryň täsirli çykyşlary tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy. Şatlyk-şowhuna beslenip geçen bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

 

Öz habarçymyz.

“Türkmenistan” gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com