Sagdyn durmuş bagtyýarlygyň kepilidir

        Düýn Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda “Sagdyn durmuş bagtyýarlygyň kepilidir" atly maslahat geçirildi. Hatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen geçirilen çärä ýurdumyzyň dürli künjeklerinden dürli ugurlarda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdylar

 

        Sagdyn ruhly sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin ýurt Baştutanymyz ähli şertleri döredýär. Bu ugurda ýerlerde, edara-kärhanalarda, ilat arasynda zyýanly endiklere garşy göreşmek barada duşuşyklar we wagyz-nesihat çäreleri hem yzygiderli geçirilýär. Düýn geçirilen maslahatda hem bellenilişi ýaly, eziz Diýarymyzda sagdyn ýaşaýşy üpjün etmek ugrunda yzygiderli alnyp barylýan işler özüniň miwesini berýär. Bu gün Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen çilimkeşlik, neşekeşlik ýaly beýleki zyýanly endikleriň iň az ýaýran döwletleriň hatarynda tanalýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda temmäki ýaly ynsan saglygyna zyýanly täsir edýän närselere garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylýar. Ýurdumyzda şypahanalar, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan köp sanly saglyk merkezleri, sport toplumlary gurlup, ulanmaga berilýär. Häzirki wagtda türkmen jemgyýetinde

ýaramaz endiklere garşy durmagyň has oňaýly ýoly hökmünde sport, sagdyn durmuş ýörelgeleri saýlanyp alyndy. Bedenterbiýä we sporta uly üns berilmegi ýaşlarymyza sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, öz başarnyklaryny artdyrmaga we zyýanly endiklerden daşda durmaga mümkinçilik berýär. Türgenlerimiziň halkara

sport bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, köp sanly altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp bolýandyklary hem ýaş nesillere dogry ýoly saýlap almakda uly görelde bolýar—diýip, Aşgabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany öz çykyşynda belledi.

Maslahatyň dowamynda zyýanly endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirmekden başga-da, onuň maşgala abadançylygyna hem ýaramaz täsir edýändigi hakynda aýdyldy. Mundan başga-da, dogry iýmitlenmek barada hem gürrüň edilip, bu ugurda alnyp barylýan işler dogrusynda pikir alşyldy.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň kitaplarynda diňe bir beden saglygyna däl, eýsem, ruhy sagdynlyga-da uly orun berilýändigi bara­da aýdylyp, milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndaky rowaýatlardan mysallar getirildi. Bellenilişi ýaly, kitapdaky bu gymmatly pikirler durmuşda çelgi bolup hyzmat edýär.

 

Aýsenem NURLYÝEWA.

«Türkmenistan» gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com