Geçmişim bar — buýsanjym bar

Ak bugdaý etrabynyň Berkarar şäherçesiniň medeniýet öýünde wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyk geçirildi. “Geçmişim bar — buýsanjym bar” atly bu duşuşyk milli däp-dessurlarymyzy ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmegi hem-de ýaş nesli watançy, zähmetsöýer, halal, päk ahlakly we ynsanperwer adamlar edip ýetişdirmegi maksat edindi. Ony Ahal welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi bilelikde gurady.

Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň, okuwçy we talyp ýaşlaryň, şeýle-de ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlaryň birnäçesi boldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowa duşuşygy açmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlaryň halal, päk zähmet çekmegi, eşretli durmuşymyzyň hözirini görüp ýaşamagy ugrundaky ajaýyp şertler, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin döredilen mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň etdi. Onuň çykyşynda ýaş nesli ata-baba gelýän milli ýörelgeler esasynda terbiýelemekde bilim işgärleriniň, ata-eneleriň jogapkärçiligi dogrusynda nygtaldy.

Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Çaryýar Hydyrowyň, Kaka etrabynyň baş ymamy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Nurmuhammet Rejebowyň, Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, “Zenan kalby” ordeniniň eýesi Sülgün Myradowanyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar öz çykyşlarynda häzirki eşretli döwrümiziň gadyr-gymmaty, ýaş nesliň edep-terbiýesi, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda gymmatyny ýitirmän gelýän milli däp-dessurlary hakynda durup geçdiler.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, täze taryhy döwürde agzybir halkymyzyň tutanýerli we yhlasly zähmeti netijesinde her bir günümiz uly üstünliklere, şan-şöhrata beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň deňsiz-taýsyz tagallasy bilen ýurdumyz gülläp ösýär, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Şeýle erkana durmuşymyzda ýaşlarymyza sagdynlyk, arassa-päk ahlaklylyk ýaraşýar. Munuň üçin olaryň arasynda guralýan terbiýeçilik ähmiýetli çäreleriň ähmiýeti uludyr. Şeýle çäreler milli däp-dessurlarymyzyň, asylly ýörelgelerimiziň wagyz-nesihat edilmegi bilen utgaşykly alnyp barylmalydyr.

Özara sowal-jogap alyşmalar astynda geçirilen duşuşykda gelin-gyzlaryň edep-ekramy bilen baglanyşykly gürrüňe aýratyn ähmiýet berildi, şeýle-de gymmatly öwüt-ündew edildi.

Ýörite habarçymyz.

Ahal durmuşy gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com