SAGDYN DURNUŞYŇ KEPILI

 

 

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak esasy wezipeleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertlerini ornaşdyrmak, ýaş nesilleriň sport bilen meşgullanmagyny gazanmak üstünlikli durmuşa geçirilýär.

                Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ynsan saglygynyň goragly bolmagy ugrunda maksatnamalaýyn işleri alyp barýar. Bu babatda ynsanyň beden we ruhy saglygyna zyýan ýetirýän temmäki önümlerine, çilimkeşlige garşy göreş öz oňyn netijesini berýär. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bu işlere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guramagynda, «Sagdyn durmuş bagtyýarlygyň kepilidir» atly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmetçekýän kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäheriniň polisiýa müdirliginiň, saglyk ulgamynyň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.

                Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda sagdyn hem berk bedenli nesli terbiýeläp ýetişdirmekde, watansöýüji ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha berdiler. Paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzda, etrap merkezlerinde, hatda has çet obalarda hem gurlup ulanylmaga berilýän sport mekdepleriniň, sport toplumlarynyň ýaşlaryň iň gelim-gidimli ýerine öwrülendigini begenç bilen bellediler. Şeýle çäreleriň sagdyn hem bagtyýar durmuşyň kepilidigi barada pikir alyşdylar.

                Dabara gatnaşanlar ýurdumyzyň gülläp ösmegi we halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com