AJAÝYP KITABA BAGYŞLANAN BÄSLEŞIKLER

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen «Gahryman Arkadagyň kitaby-umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň Türkmenbaşy etrap tapgyry geçirildi.Oňa etrabyň bilim, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşan zenanlara ýokary ruhubelentlik mahsus boldy. Olar «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitapdan bir parçany labyz bilen okadylar. Kitapda beýan edilen wakalardan bir pursady sahnada janlandyrdylar. Kitabyň özlerinde galdyran täsirlerini çeper söz bilen beýan etdiler. Öz çykyşlarynda ajaýyp eseriň ýaş nesil üçin ýol-ýörelgedigine, ruhy baýlykdygyna, umumadamzatgymmatlygydygyna aýratyn üns berdiler. Joşgun bilen aýdan aýdymlarynda, gazallarynda, okan goşgularynda batly ösüşlerimizi, bagtyýar zamanamyzy tarypladylar.

Bäsleşikde birinji orna etrap merkezi kitaphanasynyň kltaphanaçysy Hesel Berdiýewa, ikinji orna etrap merkezi hassahanasynyň şepagat uýasy Aşyrbibi Masanowa mynasyp boldular.

«Gahryman Arkadagyň kitaby-umu­madamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň Türkmenbaşy şäher tapgyry-da täsirli geçdi. Oňa gatnaşanlaryň çykyşlary ýygnananlaryň göwnünden turdy. Bäsleşikde şäherdäki 1-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Gültäç Orazjanowa birinji, şäher medeniýet merkeziniň wokal saz gurallary toparynyň çeper ýolbaşçysy Gözel Hojaýewa ikinji orunlara myna­syp boldular.

Şamyrat BEGJANOW.

«Balkan» gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com