ÇEPER ELLI, ŞIRIN DILLI ZENANLAR

Balkanabat şäherindäki «Bagt ojagy» toý dabaralary merkezinde «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi.Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkanabat şäher geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bäsleşige dürli ulgamlarda zähmet çekýän işewür zenanlar gatnaşdylar.

Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmegi wagyz etmek,dünýä meşhur bolan halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini beýan etmek,  Watanymyzyň ösüşlerine ýaş nesillerde söýgi-buýsanjy döretmek, il-günümize, mähriban Arkadagymyza wepalylygyň nusgasyny görkezmek bäsleşigiň esasy maksady boldy. Bäsleşige gatnaşan çeper elli, şirin dilli zenanlar dürli ugurlar boýunça başarnyklaryny görkezdiler.

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça ýolbaşçylyk ukyby bilen tapawutlanýan, işgärleri üçin oňaýly iş şertlerini döredýän zenanlar «Ýylyň işewür zenany», «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» ugry boýunça milli däp-dessurlarymyzy ýaş nesle öwretmekde goşant goşýan zenanlar «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça eneligi we çagalygy, maşgalany goldamagy borjy hasaplaýan, köp çagaly enelere hemaýat berip, ýaş nesli terbiýelemäge goşant goşýan zenanlar «Ýylyň märem zenany»,«Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjy ulgamlarda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça zenanlar «Ýylyň watançy zenany» atlaryny almak üçin güýç synanyşdylar.

Bäsdeş zenanlar özleriniň maşgala durmuşyny, iş ýerlerini, jemgyýetçilik işlerine goşýan goşantlaryny çeper sözlerde beýan etdiler. Enelere, zenanlara çäksiz sarpa goýýan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Şeýle-de bäsleşigiň dowamynda sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna, tans toparlarynyň ýerine ýetiren joşgunly tanslaryna tomaşa edildi.

Uly ruhubelentlige beslenen bäsleşigiň jemi jemlenilende, «Ýylyň işewür zenany» diýen ada welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň baş lukmany Toýbibi Gulmämmedowa, «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýen ada welaýat medeniýet merkeziniň işgäri Gözel Hudaýberdiýewa, «Ýylyň mährem zenany» adyna 16-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy Gülsoltan Orazgulyýewa, «Ýylyň watançy zenany» adyna harby gullukçy Hatyja Ysmaýylowa mynasyp boldular. Olar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşarlar.

Bäsleşige gatnaşanlar welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi tarapyndan guralan el işleriniň, amaly-haşam sungatynyň we beýleki milli gymmatlyklarymyzyň sergisine syn etdiler.

Nursoltan DEPBIÝEWA.

«Balkan» gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com