Hormat-sarpanyň eýeleri

Bereket etrap häkimligi, TDP-niň etrap komiteti, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap geňeşi Turkmenistan-BeýikÝüpek ýolunyň ýüregi ýyly mynasybetli zenanlaryň arasynda «Ahlak päkligi zenan mertebesiniň buýsanjydyr» ady bilen dabaraly çäre geçirdiler.Oňa halyçylar, tikinçiler,bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada ahlak päkligi, zenan mertebesiniň belentligi, ata-babalarymyzyň aýal-gyzlara goýýan hormat-sarpasy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlaryň çagalary terbiýelemekde alyp barýan işleri, olaryň ýurdumyzyň ösüşlerine goşýan goşantlary barada giňişleýin gürrüň edildi.

Gurbanberdi GOÝUNLYÝEW.

«Balkan» gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com