ZENAN MERTEBESI BELENTDE TUTULYAR

Halkymyzda  zenan maşgala uly sarpa goýulýar. Zenanlar öý-                   ojagyň örki-özeni hasaplanylýar. Çünki türkmen maşgalasynda perzent terbiýesi, olara görelde görkezmek, öý-ojagyň esasy hysyrdylary, aladalary zenanlaryň gerdenine düşýär. Haýsy maşgalada agzybirlik bar bolsa, şol maşgalanyň ähli agzalarynyň hemişe ruhy belent, işi rowaç bolup, kalby diňe ýagşylyga ymtylar.

Halkymyzyň buýsançly geçmişinde iň oňat gylyk-häsiýetleri özünde jemlän Tumar şa, Banu Çeçek, Burla hatyn, Agaýunus, Türkan hatyn...ýaly gelin-gyzlaryň Watany, ar-namysy goramakda hem-de däp-dessurlaryň, ýol-ýörelgeleriň dowam etdirilmeginde öçmejek yz galdyrandyklaryna taryh sahypalaryna ser salanyňda aýdyň göz ýetirýärsiň.

 Ar-namyslylygyň, edep-ekramlylygyň, asyllylygyň nusgasyny özünde jemleýän şeýle zenanlar sanardan kändir. Şol asylly zenanlar- dan miras galan ýagşy häsiýetleri häzirki döwrümiziň bagtyýar zenanlary buýsanç bilen dowam etdirýärler. Halkymyzyň zenanlara bolan hormat-sarpasy halk döredijiliginiň dürli görnüşlerinde: gazallarda, hüwdülerde, lälelerde, monjugatdylarda, nakyllarda... hemişelik saklanýar. «Gyzym-gözel, edebi-ozal», «Ýagşy ene-ýagşy gyza görelde», «Akylly ogul-hümmetli, asylly gyz-gymmatly» ýaly nakyllarda zenan edebi, onuň jemgyýetdäki gymmaty öz beýanyny tapýar.

Zenanlaryň gylyk-häsiýetleri barada aýdylanda, olar geçirimliligi, duýgurlygy, mylaýymlygy, edep-ekramlylygy, ýumşak häsiýetliligi bilen tapawutlanýarlar. Zenan maşgala owadan hem näzik ýaradylypdyr.                Aýratynam, türkmen zenanlaryny tebigat görk-görmekden kemsiner ýaly etmändir. Dört paslyň özboluşly gözelligini, täsirini zenanlarda görmek bolýandyr. Olaryň mähremligi, şirin dilliligi, agraslygy görküne görk goşýar. Gözelligi, wepalylygy, edep-ekramy bilen dünýä nusgalyk türkmen zenanlary daşymyzy gurşap alan dünýä näçe özgerse-de, jemgyýet näçe çaltlyk bilen össe-de, islendik döwürde hem hormat-sarpanyň eýeleridir.  Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän şol hormat-sarpany häzirki wagtda türkmen zenanlarynyň ýokary jemgyýetçilik-syýasy mertebä eýe bolmagynda, olaryň durmuşyň ähli ugurlaryna deň derejede işjeň gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýan kadalaryň Esasy Kanunymyzda berkidilmeginde görmek bolýar. Zenanlaryň hukuklarynyň goraglylygy, deňhukuklylygy her bir maşgalanyň abadançylygy we jemgyýetiň ösmegi, sagdyn nesilleriň dowamaty hem-de sagdyn jemgyýet üçin berk bedenli, sagdyn ruhly, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi nukdaýnazaryndan wajyp şertleriň biridir.Döwlet berkararlygymyzyň binýadyny berkidýän milli kanunçylygymyzyň ösüşinde hem zenanlaryň erkekler bilen deň derejede hukuklarynyň, azatlyklarynyň we olary durmuşa ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň ileri tutulmagy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Hawa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde türkmen zenanlarynyň gaýgy-aladasyz, azat-erkin ýaşamaklary, öndürijilikli zähmet çekmekleri, bilim almaklary, medeniýetli dynç almaklary, perzent terbiýelemekleri üçin ähli şertler bar. Döwrümize baş ýörelge bolan «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp şygar bu günki gün türkmen zenanlarynyň durmuşynyň bezegine öwrüldi.

Watanymyzyň geljegi bolan berk bedenli, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde bitirýän işleri, yhlasly zähmetleri üçin ýurdu- myzyň zenanlary uly hormata mynasyp bolýarlar.                                       Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi tarapyndan amala aşyrylýan işlerde hem munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ähli ulgamlarda erkekler bilen deň derejede zähmet çekip, halal zähmetiň hözirini görýän, «öýde otursa zenana, işe çyksa merdana» diýdirýän zenanlaryň çekýän zähmetine ýokary baha berlip, sarpasy belentden tutulýar.                                           Olara döwletimiz tarapyndan sylag-hormat edilmegi, Şa serpaýlarynyň ýapylmagy, hormatly atlaryň dakylmagy aýdylanlary aňryýany bilen tassyklaýar.

Türkmenistanyň häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüş strategiýasynda ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýän gender deňligini üpjün etmek barada dünýä bileleşiginiň tagallalaryny dolulygyna goldaýandygy hem aýratyn bellärliklidir.                                 «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin МММ hereketleriň meýilnamasy» hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanyp, ol erkekleriň we zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna deň derejede gatnaşmagy üçin zerur şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn resminamadyr. Bu meýilnama esasynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde okuw seminarlary geçirilýär. Jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän okuw seminarlarynda Milli hereketleriň meýilnamasy esasynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we Ilat gaznasynyň, Çagalar gaznasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde gender deňligi wagyz edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda zenanlaryň hukuk goragynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, olara ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda zerur şertleriň döredilmegi, zenanlaryň sarpasynyň belent tutulmagy, durmuş ýeňillikleriniň üpjün edilmegi hemişe üns merkezinde saklanylýan meseledir.Bu bolsa ýurt abadançylygy, maşgala agzybirligi, jemgyýetiň sagdynlygy, nesil dowamaty üçin esasy şert bolup durýar.

Goý, zenan mertebesini belentde tutýan mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

       

Nursoltan DEPBIÝEWA.

«Balkan» gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com