ŞANLY WAKALARYŇ BEÝANY

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň «TürkmenistanBeýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylmagy il-ulsumyzyň başyny göge ýetirdi. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz bu ýyly uly zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýärler. Türkmenistanyň iri jemgyýetçilik guramalary «TürkmenistanBeýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda hormatly Prezidentimiziň «TürkmenistanBeýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitabynyň many-mazmunyny halkymyza ýaýmakda uly işleri alyp barýarlar.

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bilelikde guramagynda, «Beýik Ýüpek ýolunyň dowamat dowamy» atly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, telekeçiler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we ýaşlar gatnaşdylar.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň şanly wakalary dünýä ýaň salýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň eşretli ýaşamagy döwlet syýasatynyň möhüm ugry hasaplanýar. Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň şan-şöhraty belende galýar. Diýarymyzyň çar künjüne sazlaşykly ýaraşyk çaýýan dürli medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalar, ýaşaýyş jaýlary, täze obalar halkymyzyň bähbidine gönükdirilendir. Bu bagtyýarlyk her bir adamyň yhlasly zähmet çekmegine höwesini artdyrýar, geljege bolan ynamyny berkidýär. Hormatly Prezidenti-

miziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitabynyň her jümlesi Watan

baradaky ýakymly oý-pikirleriňi baýlaşdyrýar. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler şular dogrusynda giňişleýin pikir alyşdylar.

Maslahata gatnaşanlar milli mirasymyzy dünýä ýaýmaga, gadymy däp-dessurlarymyzy kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerini ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikleri açýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com