Bäsleşik geçirildi

Golaýda Daşoguz welaýatynyň Atçylyk toplumynda ýerleşýän «Bedew» toý mekanynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda, Halkara zenanlar güni mynasybetli, ýurdumyzyň dokma pudagynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda yglan edilen «Bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli zenanlary» atly baýramçylyk bäsleşiginiň deslapky tapgyry geçirildi.

Bäsleşikde Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynda, «Çeper» tikin fabriginde, Daşoguz pagta egriji, «Serdar» pagta egriji hem-de Könürgenç pagta egriji fabriklerinde zähmet çekçän gelin-gyzlar üç şert boýunça özara bäsleşdiler. Gelin-gyzlar öz saýlap alan kärine, Watanymyza, ata-babalarymyzdan miras galan, gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza,

urp-adatlarymyza bolan söýgini we milli lybaslarymyzy bezeýän ajaýyp nagyşlary döretmekde öz ussatlyklaryny, şahsy başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşikde 1-nji orna «Serdar» pagta egriji fabriginiň, 2-nji orna «Çeper» tikin fabriginiň, 3-nji orna Daşoguz pagta egriji fabriginiň gelin-gyzlary mynasyp boldular.

Halkara zenanlar güni mynasybetli gözel paýtagtymyzda geçiriljek bäsleşigiň döwlet tapgyryna Daşoguz şäheriniň «Serdar» pagta egriji fabriginiň gelin-gyzlary gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Haltäç BÄŞIMOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com