BAHARDAN NUSGALY ZENANLAR

Düýn, bahar  paslynyň  ilkinji  güni Türkmenistanyň  Zenanlar  birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň  yglan  eden  “Ýylyň zenany" bäsleşiginiň  jemleýji  tapgyry geçirildi. Ýurdumyzyň  jemgyýetçilik  guramalarynyň  binasynda  bäsleşigiň geçirilýän  ýeri ajaýyp  bahary ýadyňa  salýar.

Bu ýerde çeper elli zenanlaryň döreden sungat eserleriniň sergisi guralypdyr. Sergidäki işleriň aglabasy «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylýan ýylymyza bagyşlanylypdyr. Bu ýerde haly, kilim, keramika ýaly sungatyň dürli görnüşlerinden döredilen işleri synlamak bolýar. Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda geçirilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan gelin-gyzlar şu günki dabaranyň arzyly myhmanlary boldular. Bäsleşikde «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin», «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýänligi we kämilleşdirýänligi üçin», «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakda asylly işleri üçin», «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin», «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin», «Obany

ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin», «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugurlar boýunça ýeňijiler yglan edildi.

Bäsleşik Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmarkyň ýolbaşçylygyndaky «Mukam» skripkaçylar toparynyň çykyşy bilen başlandy. Soňra «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etmek dabarasy başlanýar. Eminler toparynyň biragyzdan gelen netijesine görä, «Ýylyň işewürzenany» diýen ada Ahal welaýatynyň Sarahs etrap häkimliginiň Raýatlyk ýagdaýynyň namalar ýazgysy bölüminiň

müdiri Gurbansoltan Annaýewa, «Ýylyň çeper elli zenany» diýen ada Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Aýjemal Çatyýewa, «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýen ada Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 33-nji orta mekdebiniň mugallymy Sähra Ataýewa, «Ýylyň mährem zenany» diýen ada Mary welaýatynyň Mary etrabyndaky «Täze Aý» kärhanasynyň işçisi, Türkmenistanyň «Ene mähri» hormatly adynyň eýesi Aýjemal Babaýewa, «Ýylyň watançy zenany» diýen ada Balkan welaýatynyň harby bölüminiň deňiz-pyýada batalýonynyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Oguljeren Atabaýewa, «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany» diýen ada Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyn «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Aýsara Ergeşowa, «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ada Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň ýaşaýjysy, telekeçi Jennet Annagulyýewa mynasyp boldular. Ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjy zenanlar özleri hakda edýän bimöçber aladalary üçin milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

 

Aýjemal OMAROWA.

« Türkmenistan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com