WATANSÖÝÜJILIGIŇ BEÝIK ESERI

Golaýda ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda «Gahryman Arkadagymyzyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa etrap-şäherlerde, welaýatlarymyzda hem-de paýtagtymyz Aşgabatda bu bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan gelin-gyzlar gatnaşdylar. Jemleýji bäsleşigiň ilkinji şertine до­га, gelin-gyzlar milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly gymmatly eserinden bir parçany labyzly okadylar, ýatdan aýtdylar. Ikinji şertde bu adybir kitapdan rowaýatlaryň birini sahnalaşdyrdylar. Bäsleşigiň üçünji şertinde oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň özünde galdyran täsirleri barada milli däp-dessurlarymyzyň esasynda gürrüň berdiler.

Hormatly Prezidentimiziň her bir eseri «Ýürekden çykan söz ýürege ýetýär» diýen jümläni kalbyňa salýar. Şu geçirilen bäsleşik hem munuň şeýledigini aňry ýany bilen subut etdi. Şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiziň bu eseriniň watansöýüjiligiň beýik güýjüne eýedigine, taryhy şahsyýetlerimiz hakdaky düşünjeleri has hem çuňlaşdyrýandygyna göz

ýetirmek bolýar. Bäsleşige gatnaşyjy zenanlar el işlerini, Beýik Ýüpek ýolundan gatnan kerwenleriň daşan milli keteni matalarynyň, çeper elleriň dokan el halylarynyň hem tarypyny ýetirdiler. Zenan kalbynyň köp öwüşginli şahyrana dünýäsi bäsleşikde ýaňlanan hüwdüleriň, aýdymlaryň, küştdepdiniň üsti bilen hem şirin zybana geldi.

Bäsleşigiň eminler toparynyň biragyzdan gelen netijesine до­га, Ahal welaýaty birinji, Balkan welaýaty ikinji, Mary welaýatyndan gelin-gyzlar hem üçünji orna mynasyp boldular. Aşgabat şäheriniň, Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň zenanlary hem höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

«Gahryman Arkadagymyzyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň dowamynda Watanymyzyň ösüşlerini, milli  Liderimiziň bitirýän beýik işlerini wasp edýän aýdym-sazlar, tanslar oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Bäsleşige gatnaşyjylar eneler hakda bimöçber uly alada edýän hormatly Prezidentimize özleriniň çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Aýjemal OMAROWA.

«Türkmenistan»,

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com