Talyp Gözeli-2018 ZEMINIŇ GÜL-GUNÇALARY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, mähriban Prezidentimiziň özlerine goýýan çuňňur hormat-sarpasyndan ruhlanan gelin-gyzlarymyzyň ýürek buýsançlary, hoşallyk sözleri aýdymlarda, gazallarda ýaňlanýar. Dürli bäsleşikler geçirilip, zenanlarymyzyň ukyp-başarnyklary, zehinleri ýüze çykarylýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda, «Talyp gözeli — 2018» atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi. Berkarar zamanamyzyň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmegi maksat edinen bu bäsleşik üç şertden ybarat boldy. Oňa gatnaşýan talyp gyzlar aýdymdyr çeper okaýyşlaryň üsti bilen gül Watanymyzy, mähriban Diýarymyzy, Arkadag Prezidentimizi, milli medeniýetimizi we «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylyny wasp etmek; hormatly Prezidentimiziň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek; türkmen milli lybaslarynyň döwrebaplaşdyrylan görnüşlerini görkezip, egin-eşik geýmekde milliligimizi, onuň häzirki zaman öwüşginlerini, zamanabaplygyny görkezmekde öz ussatlygyny görkezdiler. Bahar paslynyň öň ýanynda geçirilen bu bäsleşige gatnaşýan gyzlaryň ýürek joşgunlary we türkmen ýaýlasy ýaly al-ýaşyl lybaslary baharyň buşlukçysyna meňzedi.

Bäsleşigiň emin agzalary «Talyp gözeli — 2018» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde institutyň talyby Altyn Berdiýewany saýladylar we onuň bäsleşigiň döwlet derejesinde geçiriljek tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanandygyny mälim etdiler.

Bäsleşige gatnaşan talyp gyzlara Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. Şeýle-de, ýeňijä bäsleşigiň döwlet tapgyrynda hem uly üstünlik arzuw edildi.

 

Mährijemal BADYROWA, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com