BAŞARJAŇLARYŇ BÄSLEŞIGI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mährem enelerimize, ussat gelin-gyzlaryň belent sylag-sarpa goýulýar. Orunlary törde, sarpalary belentde tutulýan gelin-gyzlaryň zähmet üstünliklerem, maşgala binýadynyň berkliginde-de, nesil terbiýesinde-de nusgalyk mekdepdir.

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry bolup geçdi. Bu şowhunly dabara «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda geçirilýän çäreleriň üstüni ýetirdi.

Bäsleşige dürli ugurlar boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, bäsleşigiň şäher we welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar. Olaryň ýurdumyzyň dürli pudaklarynda, döwlet edaralarynda işgärler üçin oňaýdy iş şertlerini açmaga, ýokary öndürijiligi gazanmaga, el hünärlerini kämilleşdirmäge, milli däp-dessurlarymyzy nesillere öwretmäge, ýaş nesilleri döwrebap terbiýelemäge, oba hojalyk önümçiligine mynasyp goşandyny goşmaga, telekeçiligi ösdürmäge goşýan mynasyp goşantlary emin agzalarynyň üns merkezinde boldy.

Emin agzalarynyň gelen netijeleri esasynda Ahal welaýatynyň Sarahs etrap häkimliginiň Raýatlyk ýagdaýynyň namalar ýazgysy bölüminiň müdiri Gurbansoltan Annaýewa «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça «Ýylyň işjeň zenany», Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymy Aýjemal Çaryýewa «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin» diýen ugur boýunça «Ýylyň çeper elli zenany», Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 33-nji orta mekdebiniň mugallymy Sähra Ataýewa «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünyä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diyen ugur boýunça «Ýylyň sungatda işjeň zenany», Mary welayatynyň Mary etrabyndaky «Täze aý» hususy kärhanasynyň işçisi Ayjemal Babaýewa «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça «Ýylyň mährem zenany», Balkan welaýatyndan harby bölümiň deňiz-pyýada batalýonynyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Oguljeren Atabaýewa «Berkarar döwletimizde harby we

hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça «Ýylyň watançy zenany», Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Babadaýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýsara Ergeşowa «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň ýaşayjysy, telekeçi Jennet Annagulyýewa «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça «Ýylyň telekeçi zenany» diýlip yglan edildi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň

Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary we Hormat hatlary dabaraly  ýagdayda gowşuryldy.

Bäsleşige gatnaşanlar eneleriň, gelin-gyzlaryň sarpasyny belentde tutýan mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň hemişe belent bolmagyny arzuw etdiler.

 

Ene MÄMMEDOWA, Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com