ÇEPER ELLI ZENANLAR

28-nji fewralda paýtagtymyzda ýerleşýän «Modeller öýünde» gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza, urp-adatlarymyza bolan söýgini, buýsanjy has-da artdyrmak, gelin-gyzlarymyzyň ussatlyklaryny, şahsy başarnyklaryny açyp görkezmek arkaly zähmetsöýerligi, zenan edebini, oňa mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri ýaş nesillerimizde terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem ýetip gelýän Halkara zenanlar güni mynasybetli, ýurdumyzyň dokma pudagynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda yglan edilen «Bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli zenanlary» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Bu ýerde gelin-gyzlaryň taýýarlan el işleriniň sergisi guraldy. Sergide keşdede, gaýmada, kanwada, köjümede sünnälenen ýakalardyr çabytlar, donlar, kürtelerdir çyrpylar, oglan, gyz tahýalary, haly we haly önümleri, dokalan torbalar ýerleşdirilipdir. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda bahar gülleri yaly owadan gelin-gyzlaryň gözelligi, ýurdumyzyň ajaýyplygy, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri wasp edildi. «Modeller öýüniň» gözelleri türkmen milli lybaslarynyň döwrebap görnüşleri bilen çykyş edip, bu ýere gelenleriň şatlygyna şatlyk goşdular.

Bäsleşik üç tapgyrda geçirildi. «Gadymy nagyşlaryň syrlary» atly 1-nji tapgyrda oňa gatnaşanlar gadymy milli lybaslaryň we olara salnan nagyşlaryň aýratynlygy, nagyşlara siňen syrly şekilleriň özboluşlylygy, aňladýan manylary barada gürrüň berdiler. «Sungatym bar — hormatym bar» atly 2-nji tapgyrda her topardan bir zenan öz eden el işini taryplap çykyş etdiler. «Kesbi-kärim nesillere görelde» atly 3-nji tapgyrda gelin-gyzlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, el işleriň özboluşlylygyny, reňk tapawutlaryny şygyr, aýdym, rowaýat we çeper söz arkaly wasp etdiler.

Bäsleşikde ýeňiji bolan gelingyzlara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanýň Dokma senagaty ministrliginiň taýýarlan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Milli lybaslarymyzy bezeýän ajaýyp nagyşlary döretmekde öz ussatlyklaryny görkezip, ösüp gelýän ýaşlara görelde mekdebi bolup hyzmat edýän gelin-gyzlar mähriban Watanymyzy aýdyň ýol bilen öňe alyp barýan, ýurdumyzda zenan mertebesini belentde goýýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com