ÝAZYŇ BIR GÜNI — GÜNLERIŇ ÝAZY

Düýn ýurdumyzda Halkara zenanlar güni ýokary derejede bellenip geçildi. Paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda geçirilen dabara oňa gatnaşanlaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Baharyň ilkinji baýramy bolan bu baýram şatlyga şatlyk, toýlara şowhun, bahara bahar bagyşlady. Baýramçylyk dabaralary abadan ýurdumyzy has-da gözellige beslemek bilen zenanlarymyza bolan hormatyň örän ýokarydygynyň nyşany boldy. Hormatly Prezidentimiz: «Zenanlaryň döreden hem-de ruhlandyran zatlaryny sanap geçmek halkymyzyň, ýurdumyzyň taryhyny beýan etmegi aňladýar» diýip nygtamak bilen, olara ýokary baha berýär. Bu günki günde zenanlarymyzyň sarpasy döwlet derejesinde

belent tutulýar. Enelerimiziň çagalykdan kalbymyza siňdiren yssy mähri «Ene mähri» diýen hormatly

at bolup olara dolanyp barýar.

Baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap aldy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com