BAGTYÝAR GYZLAR BÄSLEŞDILER

Geçen sişenbe güni TMÝG-niň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli 2018» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry boldy. Oňa ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdeplerinden gelen halypa mugallymlar, talyp ýaşlar, döredijilik we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bäsleşigiň şertleri boýunça talyp gyzlar «Türkmenistan —; Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly mynasybetli aýdym, goşgy, monolog ya-da sahna arkaly öz ussatlygyny görkezmekde, şeýle hem «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp, milli tagamymyz bolan unaş kesmekde, şeýle hem türkmen milli lybaslarymyzyň döwrebaplaşdyrylan görnüşlerini görkezip, egin-eşik geýmekde milliligimiziň häzirki zaman öwüşginlerini, zamanabaplygyny ussatlyk bilen berjaý etmekde öz başarnyklaryny görkezdiler.

Çäräniň başynda bäsleşige gatnaşan talyp gyzlar özlerini tanyşdyryp, sahna ussatlyklaryny, edep-ekramlylygy, türkmen gyzlaryna mahsus bolan mylaýymlygy berjaý edip, bäsleşigiň şertlerini ýerine ýetirdiler. Olar gadymy milli mirasymyzyň dürdäneleri bolan rowaýatlardan, dessanlardan ýerine ýetiren sahnalary bilen çykyş etdiler. Şeýle-de çäräniň barşynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlar dabara gelenleriň göwün guşuny ganatlandyryp, olary has-da ruhlandyrdy.

Bäsleşigiň ahyrynda üç şert boýunça bäsleşen gyzlara emin agzalary adalatly baha berdiler. Baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Gunçagül Hangulyýewa, birinji orna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 2-nji ýyl talyby Oguljahan Gurbanýazowa, ikinji orna Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Aýgül Myradowa, üçünji orna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň 4-nji ýyl talyby Mahym Mätiýewa mynasyp boldy.

Dabaranyň ahyrynda ýeňiji Manlara hem-de bäsleşige gatnaşan talyp gyzlara ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com