BAGTYÝAR ZENANLAR - WATAN BUÝSANJY

Türkmen halky müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynyň bütin dowamynda zenanlara, gelin-gyzlara uly hormat, sylag-sarpa goýupdyr. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Ýylyň-ýylyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan olara pul sowgatlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

 

Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň çar künjünde, şol sanda bilim edaralarynda hem aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri, dabaraly duşuşyklar şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýär. Öňňin Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de şu okuw mekdebiniň bilelikde guramaklarynda «Bagtyýar zenanlar — Watan buýsanjy» ady bilen geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy şeýle çäreleriň biri boldy.

Duşuşygy bu bilim ojagynyň direktory, Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramasynyň ýolbaşçysy, ykdysady ylymlaryň kandidaty, dosent  Ejegyz Rahmanowa açyp, çärä gatnaşyjylary Halkara zenanlar güni bilen gutlady we mähriban Arkadagymyzyň türkmen gelin-gyzlaryna, zenanlaryna goýýan sarpasy dogrusynda buýsanç bilen gürrüň berdi. Ol  «Arkadagyň taglymaty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady» atly täze kitap dogrusynda söz açyp, onuň halkymyza ajaýyp baýramçylyk sowgady bolandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň at gazanan halyçysy, hormatly dynç alyşdaky

ene Güljemal Orazsahatowa öz çykyşynda ezber elli zenanlarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan halyçylyk sungaty we Gahryman Arkadagymyzyň bu halk sungatyny ösdürmekdäki tagallalary, türkmen halysy barada döwet-galamyndan çykan ajaýyp eserleri dogrusynda aýtdy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň bölüm müdiri Doýduk Saparbaýewa asylly zähmeti bilen öz atlaryny taryhyň öçmez-ýitmez sahypalaryna ýazan meşhur türkmen zenanlary dogrusynda çykyş etdi.

Çäräniň dowamynda mekdebiň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde eşretli eýýamymyzy, gelin-gyzlarymyzy wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy, sahnalaşdyrylan çykyşlar görkezildi. Mähriban Arkadagymyzyň şu ýylymyz bilen adybir «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby esasynda guralan çeper okaýyşlar, gürrüň berlen rowaýatlar dabara gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi. Baýramçylyk duşuşygy ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp ornuny eýelän küştdepdi tansynyň bu bilim ojagynyň talyplarynyň ýerine ýetirmegi bilen tamamlandy.

Bu ýerde ýörite sergi guralyp, türkmen gelin-gyzlarynyň el işleri, milli egin-eşikler, taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň nusgalary, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren sungat işleri görkezildi. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

 

Rüstem HOJAGELDIÝEW, «Mugallymlar gazeti».

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com