KÖP ÇAGALY ENELERE SOWGAT

          7-nji martda Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dabaraly çäreler geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde sekiz hem-de şondan hem köp perzendi dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sarpalamak çäreleri guraldy, köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşuryldy.

 

          Baýramçylyk çärelerine gatnaşanlaryň nygtaýşy ýaly, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän üstünlikli syýasatyň netijesinde, ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar we

abadan durmuşy üçin hemme şertler döredildi. Enelere hemde ululara hormat goýmagyň binýady tutulýan maşgalanyň belent abraýynyň saklanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Häzir, düýpli özgertmeler döwründe, bu däp öz mynasyp dowamyna eýe boldy.

Häzirki döwürde köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn işler döwlet derejesinde alnyp barylýar. Paýtagtymyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli bu maşgalalara hormatly Prezidentimiziň adyndan belent ýaşaýyş jaýynda ýerleşýän ähli amatlyklary bolan täze giň öýleriň açarlary gowşuryldy.

Dabaralara gatnaşan zenanlar ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler, bagtyýar durmuşy hem-de hemmetaraplaýyn işleri üçin döredilen amatly şertler, ösüp gelýän nesiller, jemgyýetde belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryň saklanylmagy hakynda aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk duýgularyny beýan etdiler.

Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda tutuş ýurdumyz boýunça baýramçylyk çäreleri guraldy. Ministrliklerde, pudak edaralarynda, edaralarda we guramalarda, eýeçiligiň, dürli görnüşine degişli kärhanalarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan aýal-gyzlara pul

sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Däbe görä, pul sowgatlary aýal-gyzlaryň ählisine, şol sanda talyplara, mekdep okuwçylaryna we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlara gowşuryldy.

 

(TDH).

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com