Maşgala gymmatlyklary rowaçlanýar.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilelikde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — sagdyn maşgala gymmatlyklarynyň rowaçlanýan ýyly» atly maslahat geçirdi.

Maslahata ýurdumyzyň saglyk, bilim ulgamlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle setirler bar. «Müňýyllyklar dünýädäki iň gadymy halklaryň biri bolan türkmenlere beýik şöhrat-şany, eşretli ýaşaýşy, bagtyýarlygy-sowulmaz nury bagyş etdi». Ata-babalarymyzdan gelýän zenana sarpa goýmak, onuň mertebesini belentde tutmak däplerini döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmekde we olaryň kanuny bähbitlerini goramakda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Bu barada maslahata gatnaşan zenanlar buýsanç bilen söhbet etdiler.

Beýik Ýüpek ýoly miladydan öňki II asyrda döräp, bu söwda kerwen ýoly Hytaýdan başlanypdyr we ol Aziýany hem-de Ýewropa döwletlerini birleşdiripdir. Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşip, Nusaý, Merw, Amul, Gürgenç, Sarahs esasy söwda kerwen ýollarynyň ugrundaky şäherleriň hatarynda belli bolupdyr. Taryhda iki müň ýyla golaý Beýik Ýüpek ýolunyň dowam eden mahaly türkmen halkynda-da maşgala gatnaşyklary kämilleşipdir we giňäpdir. Türkmen zenanlarynyň dokaýan ajaýyp halylary, Merwde tikilýän han-begleriň lybaslary, gelin-gyzlaryň düýe ýüňünden dokan saçaklary, ýeňsizleri, guşaklary, ýurdumyza gelýän söwdagärlerde uly islegden peýdalanypdyr.

Dünýä belli ýazyjy Tomas Mannyň «Ýusup we onuň doganlary» atly eserinde Ýakup ogly Ýusuba ejesinden galan ýüpek keteni matasyny sowgat berýär we bu matany «ketanet» diýip atlandyrýar. Şu mysaldan görnüşine görä hem, türkmen gelin-gyzlarynyň çeper ellerinden çykan ýüpek keteniniň taryhy asyrlara uzaýar.

Maşgala gymmatlygyny goramak, aýamak, ony mertebelemek öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýar. Türkmen halkynda «Maşgalam — baş galam» diýilýär. Halkymyzyň arasynda bar bolan däbe görä, kimdir birini tanajak bolsalar, ilki bilen, onuň maşgalasy soralýar. Diýmek, sagdyn we berk maşgala her bir türkmeniň gymmatly hazynasydyr. Maşgalada edep-terbiýe, görüm-görelde bolan wagty şol ýerde beden hem ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer çagalar kemala gelýär.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda hormatly Prezidentimiz bir rowaýata salgylanýar.
«...türkmenleriň artykmaçlygyny suratlandyrýan on sebäbi tapyň, diýip arap halyfynyň beren buýrugy we oňa küt-küt kitaplaryň içinden toplanan maglumatlaryň diňe ýekejesini ýatlamak ýerlikli bolar, ýagny — ýeňmek, üstün çykmak, gurmak, döretmek hem-de parahatçylygy gorap saklamak üçin ýaradylan halk» — diýip, şeýle ajaýyp tymsal getirmegi türkmeniň şöhratly taryhyndan, döwletliliginden, berkararlygyndan nyşandyr. Maslahatda sagdyn maşgala, çaga terbiýesi baradaky gürrüňler hem uly orun eýeledi. Çagalara berilýän terbiýe ene süýdi ýaly halal bolmaly diýilýär. Diýmek, çaganyň eşidýän, görýän zatlary hem, görüm-göreldesi hem halallykdan tutulmaly. Bu barada rowaýatda şeýle diýilýär.

Gadym döwürde bir zenan çeşmäniň sowuk suwuny satyp güzeranyny aýlaýarmyş. Ol arkasyna agyr meşikleri alyp, zordan ýöräp gelýärmiş. Ýolda oňa bir ýetginjek duşýar-da, onuň suwly meşigini gyýym-gyýym edenmiş. O pahyr näme etjegini bilmän, garama-gara ýaňky oglanyň yzyna düşüpdir. Oglan göni öýlerine barypdyr. Ol zenan hem onuň ata-enesine wakany bolşy-bolşy ýaly gürrüň beripdir. Ejesi, ogluna käýäp başyndan sowjak bolupdyr. Emma kakasy oňa ýol bermändir. Şonda oglanyň ejesi bir ýola öýlerine gelen jerçiniň sebedindäki üzümi temençe bilen deşip, sorandygyny aýdypdyr. Kakasy ýetginjegiň ejesine ýaňky zenany we jerçini razy etmegi tabşyrypdyr. Käteler durmuşda çaga terbiýesine degişli kiçi hasaplaýan nädogry hereketlerimiz hem uly betbagtçylyklara getirip biler.

Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda dörän milli mirasyny, pähim-paýhas goruny aýap saklap, ony gorap, kämilleşdirip, geljekki nesillere ýetirmek — ýaşaýşa synmaz söýginiň beýik nusgasydyr. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitaby halkymyzyň maşgala gymmatlyklaryny kämilleşdirmekde, watansöýüji, halal, ynsanperwer nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde biziň her birimiziň ýankitabymyza öwrüler diýip, maslahata gatnaşyjy zenanlar çykyşlarynda bellediler.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com