Zynatym — köňül ganatym ýa-da zenan dünýäsiniň aýnasy

                   Ynsan göwni gözellige teşne. Ol özüni synlan dideleri erksiz yzyna düşürýär-de, sungatyň syrly dünýäsine seýrana çykarýar. Bu gezekki söhbedimiz öýlerimiziň törüniň bezegi bolan türkmen keçesine ömrüni bagyş eden zenan barada...

Oklaw ýaly giň ýoldan süýnüp barýan ulagymyzyň aýnasyndan ene topraga melhem bolup inýän gyşyň Zemin üste ak garyny nur edip sepeleýän ajaýyp görnüşini synlap barýan. Hyýalymda bolsa, öň birnäçe gezek dabaralarda daşyndan gören hem bolsam, ýakyndan söhbetdeş bolmadyk ezber elli zenan baradaky pikirlerim at salýardy. Ol zenan Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň ýaşaýjysy, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Gurbansoltan Orazmyradowadyr. Gurbansoltan gelneje bilen onuň döwletli maşgalasynda myhmançylykda bolanymyzda sadadan aladaçyl zenan bilen söhbedimiz bada-bat alşyp gitdi.

Daşy-içi päkize howla gireniňden kaşaň jaýyň gapdalynda dikilen türkmeniň ak öýüne gözüň düşýär. Ak öýüň törüni bezäp duran, keteni dokalýan guralda ýaňy dokalyp başlanan köz ýaly gyrmyzy reňkli, ýüpek erişli ketenide gözüň eglenip, baý medeni mirasly halkymyzyň senetden sungat derejesine ýetiren gymmatlygynda gözüň eglenýär. Döwletli maşgalada ene-atanyň gaýratlylygy, ynsanperwerligi, alyn deri, zähmeti, asylly gylyk-häsiýeti perzentleri üçin durmuş mekdebine öwrülipdir. Çagalar diňe öwütden däl, göreldeden terbiýe alypdyr.

Gurbansoltan gelnejäniň zenan maşgala mahsus bolan ajaýyp endikleri mähriban käbesi Gurbangözel eneden geçen bolmaly. Gyzlaryna el hünärini ýaşlykdan öwreden ene: «On barmagynyň gudratyndan döreýän nepis sungatymyzyň ählijesem zenan maşgalanyň görküne, edebine mahsusdyr. «Hünäri öwren-de, ýigren» diýlipdir. Eliňiz işli bolsa hor bolmarsyňyz» diýip, sargyt ederdi.

— Köňlüme ganat beren şol gün barada ömürboýy gürrüň bermäge-de taýýardyryn. Ol gün ykbalymyň iň bagtly güni boldy. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda gowşurylan «Zenan kalby» ordeni ene ýüregimi joşdurdy. «Eneleri ýylgyrýan ýurduň illeri bagtyýardyr» diýlen ajaýyp jümle bar. Bagtyýar döwrüň enesidigime diýseň buýsanýaryn. Döwletli ojagymyzyň, agzybir maşgalamyzyň bagtyna bagt goşulan gün, begençden gözýaşlarymy saklap bilmedim. Çagalarymy begendiren, ene kalbymy galkyndyran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Ene bagtyýarlygynyň şaýady bolup, onuň kalbyndaky çäksiz buýsanjy golaýynda bolup diňlemegiň täsiri başga. Onda-da, ylhamly ýürekden çykýan alkyşlar. Ene ak öýüň dulunda duran gorküýzeden agarany bir okara guýup, düýe çalyny hem ýany bilen alyp, saçakda goýdy. Çanakdaky pürepürläp küpürsäp duran agaran bilen ýaňy tamdyrdan çykan mele-myssyk çöregiň ýakymly ysy döwletli maşgalany bir supranyň başyna jemledi. Gurbansoltan gelneje gürrüňini dowam etdi:

— Halkymyz «Düýe maly — dünýe maly» diýýändir. Düýäniň süýdi hem, çaly hem, agarany hem müň derdiň dermany. Halkymyz düýäniň ýüňünden hem dürli önümleri dokapdyrlar. Ol önümler Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen halkymyzy dünýä tanadypdyr. Üstümizdäki ýylymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylmagy hem milli mirasymyza, taryhymyza hormatly Arkadagymyzyň goýýan sarpasyndan nyşandyr. Gürrüňleri diňläp oturyşyma öýüň duluna ýazylan, iki tarapy hem gülli üýtgeşik keçelere basylan güller özüne çekdi. «Adam eli gyzyl gül» diýleni. «Elhepus, beýle-de gözellik döreýär eken» diýip, heniz pikirimi soňlap ýetişmänkäm, muny duýan ýaly Gurbansoltan gelneje söze başlady:

— Gözümi açyp görenim haly, keçe bolansoň bu sungata ömrümi bagyş etdim. Ene-mamalarymyz «Işli gelin il bolar» diýip, örän jaýdar aýdypdyrlar. Keçe taýýarlamagyň özi örän köp zähmeti talap edýär. Keçäniň ýüňüni saýlamak, ýuwup-arassalamak, güllügini, ýüzlügini, gyragaralygyny taýýarlamakdan ötri, keçäni güllemek, çekmek, basmak ýaly köpçülik bolup ýerine ýetirilýän işler uly yhlasy talap edýär. Keçe taýýarlamak üçin goýnuň ýaz, güýz ýüňleri ulanylýar. Ýaz ýüňi reňki gowy alýar. Esasan hem, ol gül etmek üçin ulanylýar. Güýz ýüňi gülüň üstünden ýazylýar. Gül ýasalanda, reňkleriň wajyplygy has ähmiýetlidir. Güle niýetlenip boýalan ýüňler darakdan geçirilip, pişge ýasalýar. Keçä, esasan, «ak tüýnük», «gözenek», «aýnagoçak», «älem», «gelinbarmak», «gürgen», «goçak», «tazyguýruk», «gülýaýdy», «gapyrga», «saýlan» ýaly nagyşlar salynýar. Güýz ýüňi keçäniň esasy özenlik serişdesi bolup, ýaz hem güýz ýüňleri garylyp, lowurdap duran keçelerimiziň ýüzlügi, aralygy, arkalygy, gara ýüňden bolsa gyragara edilipdir.

Keçe barada söhbet açylanda, onuň gamşy barada hökmany suratda durup geçmelidiris. Gamyş üçin güýz aýlary gowy hasaplanýar. Güýz gamşy berk we hili gowy bolýar. Gamyş ýyglanyndan soň, onuň daşy mazaly arassalanylýar we atanak goýlan agaja berkidilýär, aralykda agaç hem goýulýar. Iki agajyň arasyndaky agajyň içi köwlüp, bellik edilýär. Şol belliklere-de gamşyň ýüpleri goýlup, ýüpler ilki darajyk, soň giň aralykda rejelenip goýulýar. Iki tarapa sallanyp goýlan ýüplere samanly palçykdan kerpiç şekilli agyrlyklar asylýar. Ikitaraplaýyn çalşyrylyp asylýan agyrlyklar goýlup, iň soňky çyzyga ýetilenden soň gamyş kesilýär. Birtaraplaýyn däl-de, hertaraplaýyn kesilen gamyş gyradeň bolýar. Gamşyň ýüpleri örülenden soň gamşyň daşyna daňylýar. Keçäniň hiliniň oňat bolmagy üçin iki tarapyny gamşa sürüp basmaly. Keçe basylyp durka uç alnyp, gamşa sürtelip edilen keçe has berk bolýar.

Keçe 30 — 40 minutlap çekilip, her 10 minutdan onuň depesinden dikligine suw guýulýar. Şondan soň zenanlarymyz bilekleri bilen keçäni basmaga durýarlar. Ezber elli, işe werziş gelin-gyzlar has-da çuslananda, ýalpyldap duran owadan gülli keçelerimiz döreýär. Keçeleriň güllerine döwre görä, öwüşgün berýäris. Keçelerimiz täze, döwrebap nusgada, görnüşlerde bolup, olardan namazlyklary, repideleri, elbukjalary, telefon salynýan gapjyklary, çäýnek basyrylýan örtükleri halkymyzyň islegleri, buýurmalary boýunça taýýarlap, olary elde nagyşlap bezeýäris.

Ine, ak öýüň içindäki görýän zatlaryňyz bolsa, ejemiň daňynan gyňaçlary, sübselik bilen örülen börükleri, gaýynenemiň ýüňsesi, igi, agaç tabaklary, küýzeleri, çokaýy, çepegi, düýäniň dagdandan howdy, könelip giden ýüň daraklar — men bularyň baryny birnäçe ýyllaryň dowamynda iş edindim. Öz ýakyn mähribanlarymdan galan zatlary aýap saklamakda-da iş bar. Döwlen ýerleri bar bolan agaçdan ýasalan gurallary ussa berip bejerdýän. Şu zatlary ýaş nesillere ýetirmekde elimden gelenini edýärin.

Hawa, ene-mamalarymyzyň paýhas eleginde gaýnap, sünnälenen müdimi senedimiz Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn üns bermegi bilen köňli zehinli zenanlarymyzyň el işleriniň gymmatynyň dikeldilmegine giň ýollar açylýar. Muňa ýylyň-ýylyna geçirilýän bäsleşiklerde hem göz ýetirmek bolýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşiginde «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýänligi we kämilleşdirýändigi üçin» diýen ugur boýunça Gurbansoltan gelneje «Ýylyň çeper elli zenany» diýen ada hem mynasyp boldy.

Arkadagly ýurtda eneler bagtyýar. Nurana ýüzli, mährem dörediji zenandan onuň bagta bolan garaýşy barada soranymda, ol mähremlik bilen ýylgyryp: «Zenanyň bagty maşgala ojagynyň bagtyýarlygyndadyr, ýanýoldaşynyň söýgüsinde, çagalarynyň şadyýan gülki sesindedir. Eneleriň ykbalyndaky bagtly pursatlar diňe bir öz kalbyny däl-de, öý-içersini, bütin dünýäni ýyladýandyr — diýip, buýsanç bilen gürrüň berdi.

 

Ýazgül ANNAÝEWA, «Zenan kalby».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com