Bagtdan paýly zenanlar

Bu gün Beýik Ýüpek ýoluna ýürek bolan ata Watanymyzyň goýnundan dünýäniň çar künjegine dostluk salamy, türkmen köňlüniň kelamy ýaýraýar! Bu gün türkmeniň goşa tary bagtyýarlygy wasp ede-ede saýraýar, toýlarda hatar-hatar toý gazanlary gaýnap, ilimiz bagt deňzini boýlaýar! Ine, şeýle zamana bagta ýarlyk, bagtyýarlyk zamanasy diýilýär! Ine, şeýle döwürlerde ynsanlaryň kalbyna ylham bulagy guýulýar, jahana hoşniýetlilik, ynsansöýüjilik nury çaýylýar. Aslynda, halkymyzyň ozaldan gelýän eşret akabasynyň gözbaşynda merdana ýigitlerimiziň batyrlygy, edermenligi, watansöýüjiligi, paýhaslydan gelen dana gojalarymyzyň adalaty, sahawaty, kyn pursatda delalaty, mähriban ejelerimiziň alkyşy, dilegi, idegi, hemaýaty durandyr. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyz hemişe türkmen halkynyň milli medeniýetini, däp-dessuryny, edim-gylymyny, sabyr-takatyny, şükranalygyny äleme ýaýýan türkmen toýlarynyň dabarasyny daglardan aşyrýar. Bu gün dünýäniň ýüzünde halkymyz toýly mekan hökmünde tanalýar. Bu topraklaryň hoşniýeti buz ýürekleri eredýär, bu Diýaryň myhmansöýerligi goýnuna gelen gonaklaryň köňül köşgünde ömürbaky ýer edýär. Bu toýlar ýatlary dost, dostlary dogana öwürýär. Ýüpek ýoluň ýüreginden uzaýan ýollarda il-ile, ýoda-ýola birikýär. Haçan-da, bu ýodalar ene ýüreginden gaýdýan bolsa, haçan-da, bu toýlar enäniň şanyna tutulýan bolsa, onuň täsiri has başgaça bolýar.

Durmuşda ähli zat biri-biri bilen gaty berk baglanyşykda bolup geçýär. Taryh hem edil ownujak daşlardan düzülen mozaika kimin bölek-bölek pursatlardan ullakan bir taryhy wakany ýasaýar-da, öz sahypalarynda müdimi ýerleşdirýär. Men bu meňzetmäni ýöne ýere ýatlamadym. Çünki biziň bu günki gürrüňini etmek isleýän ynsanlarymyzyň her biri giden taryh. Olar bu gün bir jan, bir ýürek, bir göwre bolup ýene-de bir ýola şu Diýaryň, Watanyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyny taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazdylar. Ýok, diňe taryhyň gatyna hem däl, olaryň alkyşlary herdaýym hasyl bolýar, şonuň üçin hem melekleriň ganatynda hem bu günki wakalar alkyşly sözler üzre hökman ýazylandyr. Sebäbi olar ene! Sekiz we ondan köp çagany dünýä getirip, terbiýeläp ýetişdiren eneler, şu Watanyň ösüşlerine halal zähmetleri bilen rehnet getiren eneler, niçeme muşakgatly günleri başlaryndan ötüren eneler...

 

Nurly çeşmiň ýüregimiň damary,

Eý, mähriban enem, jana-jan enem.

Siz bilen barýarys biz öňe sary,

Eý, mähriban enem, jana-jan enem!

 

Ine, birnäçe ýyllardan bäri däbe öwrülen wakalar. Baharyň dünýä ýaňy gadam goýan günlerini nura besläp gelýän 8-nji mart baýramy, Halkara zenanlar güni! Bu gün ýene-de adatdakylar ýaly ýaňy dünýä inen gyzjagazlarymyzdan başlap, ak saçly enelerimize çenli eziz Arkadagymyzyň Şa serpaýyny alna sylyp aldylar. Bu gün hormatly Prezidentimiziň Gutlag sözünden ganat biten gelin-gyzlarymyz ýene-de bir ýola dünýäniň ýüzünde iň bagtly zenanlar boldular. Çünki ýurduň her bir zenanynyň, gyz-gelinleriniň aýratynlykda ýurt Baştutany tarapyndan üns-alada bilen gurşalmagy gaty bellärlikli ýagdaýdyr. «Zenan kalby» ordeniniň gowşurylmagy, «Ene mähri» diýlen hormatly adyň dakylmagy, bu enelere ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň berilmegi gaty buýsandyryjy wakalardyr. Ene bagtly bolsa, ýurt bagtyýar bolar diýýärler. Munuň aýdyň hakykatdygyna göz ýetirmek üçin bolsa, 8-nji mart güni ýurdumyzda bolup geçýän wakalara syn etmek ýeterlikdir.

Neneň onsoň, gözleriň owasy ýaşdan dolmasyn diýsene?! Begençden aglamak ýaly süýji duýgy az-az bolýar. Her biriniň täsinden täsirli ykbal gürrüňlerini diňläniňde Ýaradanyň enelere bagyş eden döretmek ukybynyň näderejede beýikdigine akylyň haýrana galýar. Şeýle mert, dogumly, bagtly eneleriň öňünde herdaýym başyňy egýärsiň. Enäniň gudratyndan, keramatyndan dünýä delalat ýetýär. Enäniň arzuwlaryndan, umytlaryndan ykballara hemaýat ýetýär. Asmanda Gün nuruny saçýan bolsa, Zeminde eneler mähir nuruny saçýarlar. Eneleriň gülşi döwrüň gülşenine barabar. Ellerine Arkadagymyzyň peşgeş eden ähli amatlyklary bolan jaýlaryň açarlaryny alan eneleriň begençlerini diýsene! Ähli gowy zatlary balasyna arzuw edýän enäniň giň hem ýagty otaglarda bagtdan bökjekleşýän balajyklaryna guwanyşlaryny synlanyňda tolgunman durup bolanok. Özem diňe sekiz we ondan köp çagalary bolan maşgalalaryň ýaşaýan bu jaýynyň gaty ullakan aýratynlygy bar. Bu jaýa entek girmänkäň seni nähilidir bir mähriban duýgy gurşap alýar. Bu jaýyň howasy hem başgaça, has mylaýym ýaly. Sebäbi bu ýerde has mähriban eneler ýaşaýar! Bu ýeri seni biygtyýar eneň ganatynyň astynda geçiren çagalyk ýyllaryňa dolaýar. Belki, şonuň üçindir meger, her gezek şu jaýa gadam basanymda özümi atam öýüme gezmäge gelen ýaly duýýaryn. Bu duýgy her bir zenanda hem şeýle bolýan bolsa gerek?! Sebäbi Arkadagymyzyň şu zenanlara ýapýan Şa serpaýlary ähli türkmen zenanlaryna ýapylýan serpaýdyr. Bu sowgatlar her birimiz üçin söýgüden,
bagtdan berlen ullakan paýdyr!

Olar ýüregini sekiz bölege bölüp, perzentlerine beren eneler. Olar çagalaryny ähli kynçylyklardan goramak üçin ganatlaryny geren eneler. Olar gül durmuşda ýaýnap, erkanalyk howasyndan dem alýan perzentlerine guwanyp ýören eneler! Olar türkmen halkynyň mynasyp nesillerini kemala getirmegi ýüreklerinde päk arzuw, durmuş ýollarynda beýik maksat edip goýupdyrlar. Bu eneler eýýäm haçan arzuwlarynda bir ogluny Watan goragçysy, birini lukman, birini uçarman, ýene birini inžener edip ýetişdiripdirler. Gyzjagazlaryny bolsa mugallym, halyçy, aýdymçy, kitaphanaçy edip Watanyň hyzmatyna goýupdyrlar. Ömürleriniň iň bagtly günleriniň birini başdan geçirýän enelerimiziň ýürekleriniň nurundan älem ýüzi ýagtylyp gidýär. Olar perzentleriniň bagtyndan bagt tapan ynsanlar.

 

Mähribanlary hem döredýänler siz,

Gahrymanlary hem döredýänler siz,

Şeýle uly siziň ýürekleriňiz,

Eý, mähriban enem, jana-jan enem!

 

Şu ýerde ýene-de bir hakykaty aýratyn belläp geçmek isleýärin. Biziň zenanlarymyzyň milli mirasymyzy gorap saklamakdaky, ony nesilden-nesle geçirip has kämilleşdirmekdäki orny hem diýseň uludyr. Milli miras diýlende, ylaýta-da, halkymyzyň ruhy mirasynda zenanlara mahsus döredijilik eserleri has agdyklyk edýän biziň älemgoşar öwüşginli halk döredijilik eserlerimiz, folklorlarymyz göz öňüňde janlanýar. Läleler, hüwdüler, monjugatdylar, ýar-ýarlar, öleňler, hymmyllar, toý aýdymlary ýaly folklor eserlerimiz häzirki günde-de dünýäniň ýüzünde uly gyzyklanma döredýär. Hiç halkyňka meňzemeýän etnografiýamyz, milli egin-eşiklerimiz, şaý-seplerimiz bilen muşdaklarynyň sanyny gün-günden artdyrýar. Türkmen zenanynyň kalby ýaly owadan, baý, näzik, duýguçyl sungatlarymyz synlan ynsany biperwaý galdyrmaýar.
Haçan-da, bu hakykat ýurt Baştutany tarapyndan ykrar edileninde bolsa, onuň many-mazmuny has başgaça keşbe eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň köňlünde kök urup, döwet galamyndan kemal bolýan eserleriniň ählisinde hem türkmen zenanynyň mertebesi belende göterilýär diýsek, hakykatdan daş düşmesek gerek?! Gahryman
Arkadagymyzyň hut eli çeper, dili şeker türkmen zenanlarynyň on barmagynyň ussatlygyndan dörän läle ýaly halylarymyza bagyşlap döreden «Arşyň nepisligi» atly kitaby bolsa, biziň aýdanlarymyzy tassyklaýar.

Mundan başga hem eziz Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda «Gender deňligi», «Eneligi we çagalygy goramak» ýaly birnäçe halkara syýasatlary öňe sürülýär. Ýurdumyzy iň bagtly çagalygyň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň dünýe içre dabaralanýan syýasatlaryna daşary ýurtlardan gelýän myhmanlar hem ýokary baha berýärler. 8-nji mart baýramçylygyna gatnaşmaga gelen käbir daşary ýurtly zenanlaryň sözlerini ýatlap geçmek isleýärin. Ýaponiýanyň belli uniwersitetleriniň birinden gelen mugallym zenan öz sözlerinde: «Siz Ýaponiýany ösen tehnologiýalary bilen dünýäni haýrana goýýan ýurt hökmünde tanaýansyňyz. Emma munuň şeýledigine garamazdan, Ýaponiýa baýramçylyklary bellemekde Türkmenistandan yza galýar!» diýdi. Bu ýerde bizi has tolgundyran zat, dünýäniň iň ösen döwletleriniň biriniň zenany Watanymyzy öz dogduk Diýary bilen deňeşdirip, bir basgançak belende goýdy. Biziň zenanlarymyz bolsa dünýäniň haýsy ýurduna barsynlar ata Watanymyzy hiç döwlet bilen deňleşdirip bilmeýärler. Çünki Gahryman Arkadagymyz bizi dünýäniň hiç künjünde bolmadyk ýurtda ýaşadýar. Ukrainaly zenan myhmanymyz bolsa: «Türkmen zenany» diýlende — tutuş Älem göz öňüňde janlanýar. Maşgala bagtyny ähli zatdan ileri görýän türkmen zenanynyň ähli zada ýetişýänligine gaty haýran galýaryn. Baýramçylyk gününde müňlerçe zenany birlikde synlaýan hem bolsaň, birmeňzeş nagyşly, birmeňzeş egin-eşikli gyz-gelne gözüň düşmez. Siziň gaty baý döredijilik dünýäňiz bar! Siz türkmen zenanlary dünýäde iň bagtly zenanlarsyňyz! Sebäbi size häzirki dünýäniň juda durnuksyz mahalynda hem aýaklarynyň üstünde berk durýan durnukly döwletde ýaşamak bagty miýesser edipdir. Siziň çagajyklaryňyz paýhasly Howandaryň saýasynda, asuda Asmanyň astynda, parahat Zeminiň üstünde ösüp boý alýarlar...». Hawa, bu sözler dabara gatnaşan käbir zenanlaryň ýürek sözleri. Olar bolsa ýüzlerçe. Bu zenanlaryň her biriniň kalbynda hem şeýle ýakymly duýgularyň dolulygyna olaryň biziň bilen bilelikde el-ele berip toýlarymyzyň toýlanyşyny synlanyňda hem göz ýetirmek bolýar.

Hawa, bu gün türkmen zenanlarynyň kalbyndan şeýle alkyşly sözler joşýar. Bu toýlar, bu dabaralar, bu sylag-hormatlar ynsan ömürlerine ömür goşýar! Goý, bizi şeýle baky baharyň bagtyna, eşretli döwrana ýetiren eziz Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun! Ýurdumyz parahat, ilimiz abadan, durmuşymyz owadan bolsun!

 

Gülşirin HANOWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com