Gözellik döredýär zenan dünýäsi

Bahar mähriban topragymyza gözelligiň özi bolup inýär-de, ylhamly ýürekleri şirin mukama besleýär. Şol şirin mukamlar ene hüwdüsi bolup ýaňlanýar. Zemine bahar pasly gelende, tebigat gaýtadan janlanyp, bütin barlyk gözellige beslenýär. Bahar pasly duýguçyl zenan kalbyna şadyýan aýdymlar bolup ornaýar. Älem-jahany läle-reýhana bezäp, bu menzil-mekanlar türkmen zenanlarynyň giň göwrümliligi ýaly nura beslenýär. Bu pasyl her bir ynsana öz gözelliginden serpaý ýapýar.

Ynha, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry baharyň şeýle ajaýyp günlerinde, Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda geçirildi.

Zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşige Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynyň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolup, döwlet derejesine saýlanan dürli kärdäki zenanlaryň onlarçasy gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň jemgyýetde alyp barýan işlerine laýyklykda 7 sany ugur boýunça ýeňijiler yglan edildi. «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan zenanlar Hormat haty, şeýle-de gymmatbahaly sowgatlar bilen sylaglandy. Baharyň ilkinji günlerinde geçirilmegi däbe öwrülen bu ylhamly bäsleşik «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda has-da şatlyk-şowhuna beslendi.

Aslynda, biziň halkymyzda zenanlar mähriň hazynasy hasap edilýär. Zeminiň zynaty — zenanlarymyz bahardan serpaýlydyr. Zenan — tükeniksiz mähribanlyk. Bahar hem ene ýaly ýaşaýşyň ýaradyjysydyr. Ene — bu barlykdyr. Läle-reýhanlary bilen gelen bahar hem al-ýaşyl geýnen gyz-gelinlerimiz bilen juda üýtgeşik görünýär. Türkmen sährasynyň al-elwan gülleriniň, başyňy sypap geçýän mylaýym howasynyň tarypy zenanlara ylhamdyr. Zenan öýüň bezegi, durmuşyň gülüdir.

«Ýylyň zenany» atly bäsleşikde «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça Ahal welaýatyndan Gurbansoltan Annaýewa «Ýylyň işewür zenany», «Berkarar döwletimizde — el hünärini dikeldýänligi we kämilleşdirýänligi üçin» diýen ugur boýunça Aşgabat şäherinden Aýjemal Çaryýewa «Ýylyň çeper elli zenany», «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklarymyzy we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz welaýatyndan Sähra Ataýewa «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça Mary welaýatyndan Aýjemal Babaýewa «Ýylyň mährem zenany», «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça Balkan welaýatyndan Oguljeren Atabaýewa «Ýylyň watançy zenany», «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Lebap welaýatyndan Aýsara Ergeşowa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça Balkan welaýatyndan Jennet Annagulyýewa «Ýylyň telekeçi zenany» diýen atlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynda bize ýeňijileriň birnäçesi bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi.

«Berkarar döwletimizde — el hünärini dikeldýänligi we kämilleşdirýänligi üçin» diýen ugur boýunça «Ýylyň çeper elli zenany» diýen ada mynasyp bolan Aşgabat şäherinden Aýjemal Çaryýewa köňül buýsanjyny şeýle beýan etdi:

— Halkymyzyň iň kämil derejede ösen senetçiliginiň biri-de, zergärçilikdir. Zenan zergärlerimiz öz kärlerini diýseň oňat bilýändikleri, ýiti duýgurlygy, döreden işlerine ýüregini berip döredýänligi bilen tanalýar. Gözellige, bagta teşne bolup, gowulyga ymtylmak, süýji arzuwlary hemra edinip, döredýän işlerine siňdirmek zenanlarymyzyň tebigatynda bar. Haýsy käriň eýesi bolsaňam, halal zähmet çekip, işiňe mähir-yhlasyňy siňdireniňde, gözel zatlary döredip bolýar. Döredijilik adamsy hemişe gözel, ajaýyp zatlaryň gözleginde bolup, ony öz edýän işinde janlandyrmagy başarmaly.

«Ýylyň zenany» bäsleşigine birnäçe şaý-sep eserlerim bilen gatnaşyp, «Ýylyň çeper elli zenany» diýen ada mynasyp bolmak bagty nesip etdi. Gahryman Arkadagymyz medeni mirasymyzy, amaly-haşam sungatymyzy ösdürmäge, kämilleşdirmäge, geljekki nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikler döredip berýär. Gözellikleri döredýän zenanlarymyzyň arasynda şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi, biz — zenanlary has-da döredijilikli işlemäge höweslendirýär. Zenan döredijiliginden kemal tapan şeýle gözellikleriň gerimi bagtyýar döwrümizde has-da giňeýär. Mähribanlyk paýlaýan eneleriň, ýaz gülleri ýaly owadan gelin-gyzlarymyzyň ýüzleri hemişe bagtyýarlykdan ýylgyryp dursun!

Hawa, ajaýyp al-elwan güllere meňzeýän gelin-gyzlarymyz edep-ekramyň, gözelligiň nusgasydyr. Milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, olary nesilden-nesle geçirmekde we çagalary milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmekde enelerimiziň zähmeti uludyr. «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça Mary welaýatyndan Aýjemal Babaýewa «Ýylyň mährem zenany» diýen buýsançly ada mynasyp boldy. Enäni gazanan üstünligi bilen mübärekledik. Şonda ol buýsanjyny şeýle beýan etdi:

— Gahryman Arkadagymyzyň eneleriň mertebesini belent tutmagy ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde görelde mekdebidir. Türkmeniň her bir maşgalasynyň nesil daragtynyň güllemegi, halkyň asyrlarboýy dowamat-dowam bolmagynyň aladasynyň edilmegi, ynsan göwnüni tükeniksiz alkyşlara besleýär. Perzentlerem öz ata-enesiniň ýol-ýörelgelerinden ugur alýandyr. Sekiz çagany kemala getirip, terbiýeläp ýetişdirenim üçin Gahryman Arkadagymyzyň 2013-nji ýylda «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmagy ene ýüregimi has-da joşdurdy. Men bagtyýar döwrüň enesidigime diýseň buýsanýaryn. Ynha, bahar paslynyň ajaýyp gününde «Ýylyň mährem zenany» diýen ada mynasyp bolmagym buýsançly başymy göge ýetirdi. Özüm ýaly ençeme zenanlaryň şeýle ada mynasyp bolmagy, ýurdumyzda zenan mertebesiniň belentde tutulýandygynyň güwäsidir. Zenan maşgalanyň sypaýy hereketleri, asyllylygy, mylaýymlygy onuň gözelligine gözellik goşýar.

Mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzyň her bir maşgalasynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, eneligi we çagalygy goramak, sagdyn nesli kemala getirmek ýaly asylly işleri berkarar Watanymyzyň her bir maşgalasyny bagt atyna ataryp, asylly işlere gönükdirýär. Her bir enäniň baş arzuwy, kemally nesilleri ösdürip, olary jemgyýete peýdaly edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Eneleri beýgeldýän Gahryman Arkadagymyzyň mertebesi Arşyň deňindedir.

Sahawatly topragymyzda öndürilýän gök-bakja, miwe önümleri saçaklarymyzyň bezegi, eşretli durmuşymyzyň rysgal-berekedidir. Ene topragyň özüne siňdirilýän yhlasdan güýç alşyny görüp, onuň enä deňelişine göz ýetirdik. Bereketli toprak bilen bagry badaşan zenanlaryň biri-de, Aýsara Ergeşowadyr. Ony Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany» diýen ada mynasyp bolmagy bilen gutlaýarys.

— Halal zähmet bilen yhlas etseň, bagt gülüp bakýan eken. Maşgalamyz bolup kärende ýerimizden gowaçanyň bol hasylyny alýarys. Çagalarymyza zähmet terbiýesini bermekde, maşgalamyzy bol-telki ekläp-saklamakda uly ýardam edýär. Çagalaryň bilen el-ele berip işläniňde, döwletiň artyp, rysgal-berekediň köpelýän eken. Hemme zadyň sakasy — halallykda. Bagtly döwrümizde ýurdumyzyň zenanlarynyň kalbyny bahar joşguny, baýramçylyk şatlygy gurşap alýar. Zähmet her bir ynsany bezeýär. Biz bagtyýar zenanlaryň Arkadag Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir — diýip, ýeňiji zenan buýsançly gürrüň berdi.

Hawa, türkmeniň begresli ýazy, näzik güllere beslenen bahar pasly ýetip geldi. Ol özi bilen 8-nji mart — Halkara zenanlar gününi getirdi. Gözellerimiziň egnindäki gül öwüsýän ketenileri, şaýly tahýalary, keşdeli çabytlary behişdiň erem bagyny ýadyňa salýar. Gülden näzik zenanlarymyzy «Ýylyň zenany» diýen buýsançly atlary bilen gutlaýarys! Goý, döwletli öý-ojaklaryň bezegi bolan zenanlarymyzyň görjegi gowulyk bolsun!

 

Ýazgül ANNAÝEWA, «Zenan kalby».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com