Beýik Ýüpek ýoluň dowamat-dowam

Ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly mynasybetli geçiren maslahatynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň dowamat-dowamy» diýlip atlandyrylmagy-da, bu maslahata Merkezi Geňeşiň agzalary bilen birlikde, telekeçi zenanlardyr ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň gatnaşmagy-da, tötänden däldir. Çünki olary birleşdirýän bir maksat bar. Ol maksat — döwrebap nesil terbiýesi bilen birlikde, ýurdumyzyň ähli babatdaky gülläp ösüşlerine, beýik özgerişlerine mynasyp goşant goşmakdan, halkymyzyň maddy we medeni gymmatlyklaryny, milli mirasyny gorap saklap, geljege ýollamakdan ybarat. Şu maksat hem taryhy müňýyllyklaryň jümmüşinde kök uran Beýik Ýüpek ýolunyň mukaddes syrlarynyň nesilden-nesle geçmeginde, dowamat-dowam bolmagynda aýratyn orny bolan mährem enelerimizi, işjeň, işewür we alym zenanlarymyzy bir supranyň başyna jemledi.

Eýsem, türkmen topragynyň üsti bilen geçen gadymy söwda ýoly arkaly nepis halylarymyzyň, inçelik bilen dokalan ketenilerimiziň, ýüpek-parçalarymyzyň, sünnälenip bejerilen keşdelerimiziň dünýä tanalmagy, uly meşhurlyk gazanmagy, ene-mamalarymyzyň çeper elleriniň gudraty bilen dälmidir?! Beýik Ýüpek ýolunyň dowamat-dowam bolmagy, halkymyzyň şöhratly geçmişiniň, ösüş-özgerişli şu gününiň, nurana geljeginiň, milli we medeni mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň dowamat-dowamlylygynyň nyşany dälmi, eýsem?! Nesilden-nesle geçip, ýyllarboýy kämilleşen çeper el hünäri, milli senedimiz häzirki wagtda gelin-gyzlarymyz tarapyndan täze röwüşde dowam etdirilip, mähriban Arkadagymyzyň gurup beren ak ýollarynyň — gara, polat, deňiz, derýa, howa ýollarynyň üsti bilen dünýä çykýar. Medeniýetde, sungatda, ylym-bilimde, syýahatçylyk we sportda, telekeçilikde gazanýan uly üstünliklerimiz ol ýollar arkaly älem-jahana ýaýylýar. Dünýä halklary bilen dostlaşdyrýan, doganlaşdyrýan bu nurana ýollar bizi parlak geljege alyp barýar. Maslahatda çykyş eden zenanlaryň senaly dillerinde buýsançly ýaňlanan bu hakykat köňüllere şatlyk bolup çaýyldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi zenan Jeren Klyçewa öz çykyşynda häzirki wagtda ýurdumyzyň hususy pudagynda zenanlaryň üç müňden gowragynyň ýokary işjeňlikde zähmet çekýändiklerini buýsançly belläp, şeýle diýdi:

— Mähriban Arkadagymyzyň «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi, dünýä ýurtlary bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklap, dürli ugurlardaky gatnaşyklary has-da ösdürmek babatda alnyp barylýan işleriň täze many-mazmuna eýe bolmagyna getirdi. Esasan-da, Beýik Ýüpek ýoly eýýamyndan gözbaş alan söwda-ykdysady gatnaşyklar babatda uly ösüşlere eýe bolunýar. Bu ugurdan ýurdumyzyň hususy pudagynyň mynasyp goşandynyň bardygyny bellemek bolar. Olaryň hatarynda telekeçi zenanlaryň nusgalyk işleri diýseň guwandyrýar. Olar bu gün gadymy geçmişde Beýik Ýüpek ýoly bilen geçen söwda kerweniniň esasy harytlaryny öndürip, owadan hem nepis haly we haly önümleri, milli lybaslary, ajaýyp el işleri bilen dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara sergilere gatnaşýarlar. Telekeçi zenanlar Kümüş Täjibaýewanyň haly önümleri, Bahargül Çaryýewanyň milli lybaslary, Gülaýym Nowruzalyýewanyň owadan perdeleri bu gün dünýä bazarynda hem uly meşhurlyga eýedir.

Mähriban Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan 2018-nji — taryhy ýyl ene-mamalarymyzyň çeper el hünärini dowam etdirýän telekeçi zenanlar hökmünde bizi öňküden-de döredijilikli işlere ruhlandyrýar. Biziň täze röwüşde döredýän nusgalarymyzda, çekýän keşdelerimizde gaýtadan dikeldilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň, bagtyýarlyk döwrümiziň, bize bu gözel eýýamy peşgeş eden Gahryman Arkadagymyzyň waspy bolar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com