Geçmişe syýahat

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti we Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen birlikde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly mynasybetli, Halkara zenanlar gününe bagyşlap gurnan taryhy ýadygärliklere syýahaty diýseň täsirli geçdi. Dürli kärdäki zenanlar topary bu täsirli syýahatyny Köne Nusaýdan başlady. Beýik Ýüpek ýoly geçen, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu gadymy gala üstünden ýyllar, asyrlar geçse-de, asyl nusgasyny ýitirmän, saklanyp galypdyr. Onuň beýik we galyň diwarlary ünsüňi çekýär. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde bu ýerden şa gyzy Rodogunanyň heýkeliniň we başga-da köp sanly zenan bezegleriniň, keramiki gap-gaçlaryň tapylandygy baradaky gyzykly gürrüňler zenanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Syýahatçy zenanlar Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Paryzdepe ýadygärliginiň täsinliklerine hem syn etdiler. Arheologlaryň maglumatlaryna görä, bu ýerde biziň eramyzdan öň V asyrda şäher döräpdir. Paryzdepe Parfiýa şalygy döwründe, soňra bolsa, Seljuk imperiýasy döwründe ösen şäherleriň biri bolupdyr. Arheologiýa tapyndylary bu ýerde ekerançylyk medeniýetiniň yzygiderli dowam edip gelendigini tassyklaýar. Ilkinji käriziň hem Paryzdepede gurlandygy barada taryhy maglumatlarda ýatlanylýar. Nusaýdan günbatara we demirgazyga gidýän söwda kerwenleriniň hem Paryzdepäniň üstünden geçendigi baradaky maglumatlar bu ýerde ösen söwda we ykdysady gatnaşyklaryň bolandygyna şaýatlyk edýär.

Zenanlaryň gadymy taryhy ýadygärliklere we täsin tebigatly ýerlere syýahaty Baharly etrabyndaky Köw Ata ýerasty kölüne zyýarat etmek bilen tamamlandy. Olar «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda uly ähmiýete eýe bolan şeýle täsirli syýahatlary gurnap, şöhratly taryhymyz bilen içgin tanyşmaga, öwrenmäge we nesilden-nesle geçirmäge döredilen giň mümkinçilikler üçin mähriban Arkadagymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com