Sport gadymy ýoluň şanyna şan goşýar

Ynsan topragy «Ene toprak», «Ene ýer» diýip arzylaýar. Ene derejesine çenli beýgelen toprak hem bütin synasy bilen hemişe ynsana hyzmat etmegiň aladasyndamyş. Şol hyzmat hem ony bagtly edýärmiş. Köne kitaplaryň birinde topragyň synasyndaky her bir ýeriň ýa-ha ekin meýdany, ýa-da adamlar geçer ýaly ýol bolmagyň arzuwyndadygy barada okapdym. Beýik Ýüpek ýoly hakynda oýlananyňda, bu şanly ýoluň geçen topraklarynyň bagty hakynda-da biygtyýar oýa batýarsyň.

Mundan telim asyr ozal ýüpek söwdasyny etmek maksady bilen döräp, wagtyň geçmegi bilen hem adynyň başyna «Beýik» sözi goşulan ýoluň şany heňňamlar aýlanyp, döwürlerden geçenden soňra, has hem beýgelýär. Şol şan-şöhrat hem çeşmesini ýoluň ýüreginden — Türkmenistandan alyp gaýdýar. Halky bagtyýar döwranyň goýnunda ýaşaýan Türkmenistan milli Lideriniň — hormatly Prezidentiniň hem aýdyşy ýaly, Beýik Ýüpek ýoluny täze nusgada dikeldýär. Özi-de «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen beýik şygary baýdak edinen ýylda.

Sport — parahatçylygyň ilçisi. Diýmek, sport gadymy ýoly täze röwüşde dikeltmegiň hem esasy gurallarynyň biri bolmaly. Bu berkarar Türkmenistanda hut şeýle hem boldy. Ak gyş bilen ýaşyl baharyň sepgidinde —
26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ylgaw ýaryşyna, welosipedli ýörişe hem-de «Amul—Hazar 2018» halkara awtorallisiniň taýýarlyk işlerine badalga berdi.

Tutuş ýurt, tutuş halk bilen bagly şeýle iri tutumlar iň päkize ýollarda geçirilmeli. Şu pikirden çen tutsaň, şol gün Türkmenabat şäherinde bahary buşlap, ýagşyň ýagmagy asla tötänlige däl. Şol ene tebigat hem ak ýagyş bilen beýik işiň başyny tutan ogullaryna ak pata beren bolmaly.

Hemişe, her işde bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň esasy wakalarynyň hataryndan mynasyp orun aljak ýaryşlaryň badalgasyny ýene-de milli Liderimiziň özi berdi. Körpe nesliň wekilinden Beýik Ýüpek ýolunyň ylgaw taýajygyny kabul eden döwlet Baştutanymyz ony eline alyp, ylgaw ýaryşynyň ilkinji menzillerini geçdi. Welosipedli ýörişe-de milli Liderimiz badalga berdi. Türkmenabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugry boýunça geçilen ilkinji menziller bu ýaryşlaryň bütin dowamyna sportuň, öňegidişligiň ruhunyň çaýyljakdygyny bagyşlady.

Ýada salyň! Geçen ýyl Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan atly ýörişiň her baran ýeri nähili uly toý dabaralaryna beslendi. Bu ýörişiň üsti bilen türkmen topragynyň her bir şäheri, her bir etraby Aziadanyň toýuny tutdy. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ylgaw hem-de welosiped ýaryşlary hem şu röwüşde geçiriler. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginden habar berlişine görä, bu ýaryşlar her welaýatda we Aşgabat şäherinde birnäçe günläp geçirilmek bilen, olaryň geçirilýän ýerleri Beýik Ýüpek ýoly geçen taryhy menzil-mekanlar bilen baglanyşykly bolar. Lebap welaýatyndaky ýaryşlar Türkmenabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan köçesinden badalga alan bolsa, Marydaky ýaryşlar mart aýynyň ahyrynda Gadymy Merw döwlet taryhy-medeni goraghanasyndan, Ahalda Mary welaýatynyň Oguz han etrabyndaky awtomobil köprüsinden, Aşgabatda Arçabil şaýolundan, Daşoguzda Görogly etrabyndaky Yzmykşir galasyndan, Ahalda — ikinji tapgyrda Paryzdepe ýadygärliginden, Balkanda bolsa Bäherden etrabynyň Bamy obasyndan badalga alar.

Şu ýerde «Zenan kalbynyň» okyjylarynyň ünsüni ylgaw ýaryşy bilen bagly bir ýakymly ýagdaýa çekmek isleýäris. Ozal hem habar berlişi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçiriljek ylgaw ýaryşy estafetalaýyn häsiýete eýe bolar. Ylgawyň hut şu görnüşi boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň Aşgabat Aziadasynda bürünç medala mynasyp bolandygy okyjylarymyzyň ýadyndadyr. Zenan ýeňil atletikaçylarymyz bu üstünligi ýakynda Eýranda geçirilen Ýapyk binalardaky Aziýa çempionatynda hem gaýtaladylar. Diňe şu maglumatlaryň özi hem türkmen türgenleriniň, esasan hem, zenan türgenleriň estafeta ýaryşy boýunça tejribesini artdyrýandygyny görkezýär.

...Şol gün «Amul—Hazar 2018» halkara awtorallisiniň taýýarlyk tapgyryna hem badalga berildi. Bu ýaryş ýurdumyzda şu ýyl geçiriljek halkara ýaryşlaryň iň irileriniň biri bolar.

2009-njy ýyldan bäri yzygiderli geçirilýän «Ýüpek ýoly» halkara ralli ýaryşynyň ilkinji pellehanasynyň Aşgabat bolandygyny, özi hem şol ýaryşyň ýokary guramaçylyk bilen geçirilendigini ýatlasak, «Amul—Hazar 2018» ýaryşlarynyň hem dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döretjekdigine bil baglap bileris.

Ekologiýany goramak türkmen topragynyň gündogaryndan günbataryna uzajak ýaryşyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolar. Muny hormatly Prezidentimiz 26-njy fewralda Türkmenabat şäherinde geçirilen badalga beriş dabarasynda hem aýratyn nygtady. Ýaryşy ýokary derejede geçirmekde we ekologiýa meseleleri babatynda meşhur «Africa Eco Race» halkara awtorallisiniň ýolbaşçysy, dünýäniň birnäçe gezek çempiony, 70 ýaşly hünärmen Žan-Lui Şlesser we onuň ýolbaşçylygyndaky topar maslahatçy bolar. Ýaryşyň guramaçylyk meseleleri boýunça Fransiýanyň «Amaury Sport Organization» kompaniýasy bilen hem hyzmatdaşlyk saklanylýar.

«Amul—Hazar 2018» halkara awtorallisi 5 tapgyrda geçiriler. Onuň tapgyrlarynyň aglaba bölegi Garagum çölüniň içinden geçýär. Türkmen çölüniň halkara awtoralli ýaryşlaryny geçirmek üçin nädereje amatlydygyna bolsa halkara hünärmenler 2009-njy ýylda geçirilen awtorallide hem göz ýetirdiler.

Mahlasy, üstümizdäki ýyl, edil geçen ýylda bolşy ýaly, ýene-de iri sport wakalaryna beslener. Oňa hormatly Prezidentimiziň hem aýdyşy ýaly, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýedi ýaşlysyndan ýetmiş ýaşlysyna çenli gatnaşyp biler. Diýmek, biziň her birimize Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilýän sport baýramçylygyna dahylly bolmak bagty garaşýar.

 

Agageldi ITALMAZOW, žurnalist.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com