BAHAR GÜLLERINE MEŇZEŞ GÖZELLER

Şeýle at bilen Kaka etrabynyň medeniýet öýünde Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap Geňeşiniň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda bolan dabara edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we işjeň agzalary, önümçilikde işleýän işjeň zenanlar hem-de mährem eneler gatnaşdy.

Dabarada baýramçylyk gutlaglary aýdyldy hem-de bagtyýarlyga beslenen zamanamyzda zenanlara goýýan çäksiz hormat-sarpasy üçin milli Liderimiziň adyna hoşallyk sözleri beýan edildi. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda zenanlar uly alada bilen gurşalandyr. Zenanlara durmuş ýeňillikleri berilýär, işlemäge, döretmäge, nesil terbiýelemäge giň şertler döredilýär. Bu zatlar bagtyýar zenanlary juda buýsandyrýar.

Medeni ojagyň giň eýwanynda, bereketli toý saçagynyň ýazylmagynda geçirilen dabarada baýramçylyk arzuwlary aýdylandan soňra, aýdym-sazly çykyşlara orun berildi. Etrap medeniýet öýüniň “Ylham” aýdym-saz toparynyň aýdymçysy Rahymberdi Esenowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan joşgunly aýdym bilen bu ýerdäki şowhunly çykyşlar giň gerim aldy. Zehinli aýdymçylar Ogulabat Hudaýbergenowanyň ýerine ýetiren “Ejem jan”, Halnazar Öwezowyň “Ýazjemal”, Arslan Koşmekowyň “Dünýäm ýaz maňa”, Myratgeldi Gurbangeldiýewiň “Tirmegin läläm”, Halmuhammet Nuryýewiň “Teşne men, teşne” ýaly aýdymlarynda päk söýgi, zenan gözelligi we ene mähribanlygy öz beýanyny tapdy. Etrabyň Çagalar sungat mekdebiniň skripkaçylar we depçiler toparlarynyň çykyşlary hem uly şowhun döredip, kalplara ylham-joş berdi.

Ruhubelentlige beslenen aýdym-sazly dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşan önümçiligiň öňdebaryjy zenanlaryna, şeýle-de mährem enelere etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Ýörite habarçymyz.

Ahal durmuşy 05.03.2018 ý

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com