SAGLYK — BAŞ BAÝLYK

Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikdäki «Ýatgynyň boýunjygynyň howply täze döremelerine garşy göreşiň biraýlygyny geçirmek hakynda» meýilnamasynyň çäginde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Edara-kärhanalarda, guramalarda zähmet çekýän zenanlaryň hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahaty Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölümi hem-de welaýatyň Saglygy goraýyş müdirligi bilelikde guradylar.

Maslahatda hünärmenleriň çykyşlaryna giň orun berildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölüm müdiri Maýsa Ýalkabowanyň çykyşy gyzyklanma bilen diňlendi. Ol öz çykyşynda täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenilen wezipeleri 2014—2020-nji ýyllarda amala aşyrmagyň Milli Strategiýasyny ýerine ýetirmegiň meýilnamasynyň» çäklerinde guwandyryjy işleriň durmuşa geçirilýändigi barada anyk mysallar arkaly gürrüň etdi. Onuň aýdyşy ýaly, häzirki döwürde ýokanç däl keseller adamzadyň öňünde duran uly meseleleriň birine öwrüldi. Howply täze döremeler ýokanç däl keselleriň esasy bölekleriniň biri bolmak bilen, döwletlere, jemgyýete, saglyga uly täsirini ýetirýär. Şonuň üçin, täze döremeleriň öňüni almak, olary irki derejelerde ýüze çykarmak, netijeli ýörite bejerginiň berilmegini üpjün etmek, howply täze döremeli näsaglary saglygy goraýyş, durmuş, zähmet, hünär taýdan reabitirlemek saglygy goraýşyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Ýurdumyzda onkologiki keselleriň öňüni almak, olary irki döwründe anyklamak babatda amala aşyrylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigi aýratyn bellärliklidir.

Maslahatda Ahal welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň bölüm müdiri Maýa Ärsaryýewanyň, ginekolog lukman Akjemal Mämmetjumaýewanyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak babatynda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň düýp özeninde hem raýatlaryň saglygyny goramak, sagdyn nesli kemala getirmek ugrundaky maksatlar durandyr. Şeýle bolansoň, bu gün eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap sagaldyş, keselleriň öňüni alyş merkezleri gurulýar, öňden bar bolan desgalar döwrebaplaşdyrylýar, sahawatly türkmen topragynda ösýän melhemlik ösümlikleriň esasynda derman serişdeleri öndürilýär. Ak mermerli paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndabina edilen «Ene mähri» merkezleri bolsa enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatda iňňän uly ähmiýete eýedir.

Maslahatda ýatgynyň boýunjygynyň howply täze döremeleri we oňa garşy göreşmek babatynda wagyz-nesihat işleriniň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüňe aýratyn üns çekildi hem-de howply täze döremelerine getirýän keseller, ony irki döwründe ýüze çykaryp, bejermegiň ýollary barada nygtaldy. Şonuň bilen baglanyşykly wideoşekiller görkezilip, maslahata gatnaşyjylar bilen sowal-jogap alşyldy.

Maslahatyň dowamynda Ak bugdaý etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy, mährem ene Oglaýaz IşangulyýewaBerkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlara goýulýan sarpa, jemgyýetimizde, nesil terbiýesinde zenanlaryň orny dogrusynda täsirli gürrüň etmek bilen, oňa gatnaşyjy ýaş gelin-gyzlara gymmatly öwüt-ündew berdi.

Aşyr SÄHEDOW,

Bäherden etrap hassahanasynyň onkolog lukmany.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com