Täzelikler

Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015—2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyndan hem-de bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alnyp, etrapdaky 11-nji orta mekdepde geçirilen maslahat “Ahlak arassalygy — ruhy tämizlik” diýlip atlandyryldy. TDP-niň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň hem-de TMÝG-niň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen wagyz-nesihat häsiýetli bu maslahata ýaş bilim işgärleri gatnaşdy. Onda bedew batly ösüşler bilen barha öňe barýan ata Watanymyzda ýaşlaryň orny, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, döwrebap bilim bermekde we hünär öwrenmekde amala aşyrylýan işleriň ähmiýetine üns çekilip, şonuň bilen baglanyşykly öwüt-ündewler aýdyldy. Maslahata gatnaşyjylar baky bagtyýarlyga ýetirendigi üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna hoşallyklaryny beýan etdiler.

Öz habarçylarymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com