Türkmenistan — BMG: esasy maksat parahatçylyk we ösüş

2018-nji ýylyň 12-nji martynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçiren hormatly Prezidentimiz ýene bir buýsançly habar bilen türkmen halkyna ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz şonda Birleşen Milletler Guramasynyň esasy edaralarynyň biri bolan Howpsuzlyk Geňeşiniň 2018-nji ýylyň 8-nji martynda Owganystanda halkara tagallalaryny goldamak barada Rezolýusiýany biragyzdan kabul edendigini we bu möhüm resminamada biziň ýurdumyzyň Owganystanyň durmuş-ykdysady üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmek boýunça amala aşyrýan çärelerine aýratyn orun berlendigini mälim etdi. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyny bu ähmiýetli Rezolýusiýanyň kabul edilmegi mynasybetli gutlady.

Hormatly Prezidentimiziň bu waka aýratyn ähmiýet bermeginiň degerli sebäpleriniň bardygy barada aýdylanda, Owganystanda parahatçylykly ösüşi üpjün etmek baradaky halkara başlangyçlaryň hatarynda esasy çäreler we taslamalar hökmünde Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň, Owganystan—Türkmenistan—Azerbaýjan—Gruziýa—Türkiýe («Lazurit») üstaşyr geçirijisi, söwda we ulag geçelgesi hakyndaky Ylalaşygyň, Türkmenistandan Owganystana barýan demir ýollaryň görkezilendigini nygtap bellemek zerurdyr. Munuň özi BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde kabul edilenligi bilen baglylykda, bu Rezolýusiýada beýan edilen ýurdumyzyň başlangyçlarynyň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamakda esasy jogapkär düzüm bolup durýanlygy hem-de onuň kararlaryny ýerine ýetirmeklige BMG-niň ähli ýurtlarynyň borçludygy mälimdir. Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişe halkara howpsuzlygy hem-de parahatçylygy üpjün etmek bilen bagly örän derwaýys meseleler, başlangyçlar barada Kararlary, Kararnamalary kabul edýändigi hem bellidir. Owganystanda onlarça ýyla çeken syýasy, harby gapma-garşylyklaryň soňuna çykmak, bu ýurduň ösüşini parahatçylykly ugra gönükdirmek baradaky halkara tagallalarynyň has anyk häsiýete geçýänligini äşgär eden täze Rezolýusiýada Türkmenistanyň durmuşa geçirýän bu ýurt bilen baglanyşykly ägirt uly ykdysady taslamalary barada aýdylmagy we olary öz wagtynda durmuşa geçirmeklige ähli gyzyklanýan taraplaryň tutanýerli çagyrylmagy mähriban  Arkadagymyzyň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny parahatçylykly ösüşiň ilerlediji güýji hökmünde ýokary derejelere ýetirilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň täsiriniň artýandygyny görkezdi. Häzirki döwürde halkara gatnaşyklarynda we global syýasatda özboluşly ýoly bilen tanalýan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky orny oňyn meýilleriniň netijesinde täsiri barha artýan meýdança öwrüldi diýip, aýtmak mümkindir.

Üçünji müňýyllykda dünýä tertibiniň hemmelere bähbitli, döwrebap ýörelgelerini kemala getirmekde halkara derejesinde işjeň alnyp barylýan hereketiň barşynda, milli jemgyýetleriň çäklerinde-de, halkara jemgyýetçiliginde-de çemeleşmeleriň, garaýyşlaryň düýpli özgerýänligi äşgär bolýar. Sebäbi dünýäde syýasy deňagramlylygy saklamak üçin halkara gatnaşyklarynyň has berk esaslaryny kemala getirmek zerurlygy inkär edip bolmajak hakykat hökmünde orta çykýar. Şunda ýangyç-energetika serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna we amatly geoykdysady mümkinçiliklerine eýe bolan Türkmenistanyň goňşy döwlet babatda tutýan ýolunyň milletler bileleşiginde çynlakaý hem giňden goldanylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän sebitleýin syýasaty öňdengörüjilikli we iňňän oýlanyşykly hyzmatdaşlyk ýörelgesi hökmünde halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Owganystan baradaky Rezolýusiýasy mynasybetli türkmen halkyna Ýüzlenmesinde: «Şeýle hem, bu resminamanyň kabul edilmegi biziň alyp barýan daşary syýasatymyzyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýändigini aýdyň görkezýär» diýip bellemegi Türkmenistanyň başlangyçlarynyň dünýä ähmiýetine ýene bir ýola güwä geçýär. Milli Liderimiziň nygtap belleýşi ýaly, bu Rezolýusiýa Merkezi Aziýada we oňa ýanaşyk sebitlerde giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek işinde Türkmenistanyň bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmesi bolup durýar.

Halkara derejesinde Türkmenistanyň bitiren we bitirýän hyzmatlary, esasan, parahatçylygy üpjün etmek, durnukly ösüşi gazanmak ýaly, umumadamzat bähbitli, ynsanperwer syýasatda ýüze çykýar we munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, türkmen halkynyň mentalitetine, ynsanperwer ideýalara ýugrulan, adalatly döwlet syýasatyna daýanýan milli ösüş ýolunyň paýhaslylyk bilen kemala getirilen ajaýyp nusgasydyr. Mähriban Arkadagymyz bu nusgalyk ýoly halkara derejesine çykardy. Parahatçylygy dikeltmegi we ösüşi üpjün etmegi yzygiderli, gündelik tagallalar, irginsiz gözlegler, sabyr-takatlylyk bilen, özgeleriň bähbitlerini, maksatlaryny pugta göz öňünde tutup, ylalaşykly hereket etmek ýoly arkaly gazanmagyň mümkindigini bütin dünýä äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň, goňşy halklaryň, dünýä halklarynyň bähbitleriniň, parahatçylykly ýaşaýşyň hatyrasyna bitirýän hyzmatlary taryhy ähmiýetlidir. Asyrlaryň dowamynda adamzada hyzmat etjek beýik işlerdir. Milli Liderimiziň alyp barýan birleşdiriji syýasatynyň kuwwatly güýjüni biz ýurdumyzyň çäginde-de, onuň çäginden daşarda-da açyk-aýdyň görýäris.

Her bir ynsanyň ruhy haly, her bir halkyň aňyýetiniň ýagdaýy, umumadamzat ýaşaýşynyň ruhyýetiniň many-mazmun akabasynyň sazlaşygy, ilki bilen, aňdan, dünýägaraýyşdan, düşünjeden başlanýar. Öňdebaryjy ylmy-tehnologik ösüşleriň durmuşda döredýän görlüp-eşidilmedik şertleriniň çäginde henizem adam ruhy, aňy goldawa, berk daýanja mätäç bolup galýar. Dünýä ösüşiniň häzirki pursatlary munuň şeýledigini häli-şindi duýduryp durýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan adalatly syýasatynda milli aňyýetiň meseleleri aýratyn orunda durýar. Halkyň aňyýetine oňyn täsir edýän syýasy, medeni, ruhy ýörelgeleriň ýüze çykarylmagy, ösdürilmegi, döwlet ideologiýasy derejesinde halkara hyzmatdaşlygynda ulanylmagy halkyň aňyna mizemez ynam hökmünde çuň ornaşýar. Milli aňyýet ýörelgeleriniň halkymyzyň taryhy köklerinden gaýdýan buýsançly hazynasynda hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga, sahawatlylyga aýratyn orun degişli bolup durýar. Türkmen halky ata-babadan goňşy bolup oturan halklar bilen gatnaşyklara hemişe hoşniýetli garap gelýär. Owganystanyň halky bilen gatnaşyklar bolsa biziň halkymyzyň dost-doganlyga sarpasyny aýan edýän ynsanperwerlik nusgasydyr. Hormatly Prezidentimiziň Owganystan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde alyp barýan syýasatyny türkmen halky tüýs ýürekden goldaýar. Owgan topragynda parahatçylykly ýaşaýşy dikeltmäge, bu ýurduň gülläp ösmegine ýardam berip biljek her bir tutumly taslamalara ak pata berlende, iki gadymy halkyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän uly toý-dabaralaryň göwün göteriji şatlyk-şagalaňa beslenmeginiň düýp manysy Gahryman Arkadagymyzyň şan-şöhraty dünýä dolan beýik syýasatynyň ajaýyp maksatlary bilen baglanyşyklydyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Owganystanda halkara tagallalaryny goldamak baradaky Rezolýusiýasynda mähriban Arkadagymyzyň başlangyçlaryna uly orun berilmegi Türkmenistanyň ýöredýän syýasatyna, türkmen halkynyň taryhy ösüş ýoluna dünýäde giňden düşünilýändigini ýene bir ýola aýan etdi.

 

Amanbibi Muhammedowa, žurnalist.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com