Göllere siňen nepislik

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmen haly» önümçilik birleşigi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde «Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary» atly söhbetdeşlik geçirdi. Onda berkarar döwletimiziň bagtyýar zenanlarynyň jemgyýetçilik durmuşynda, önümçilikde, maşgalada tutýan orny barada giňişleýin gürrüň edildi.

Bahar paslynyň tebigaty gül-gülzarlyga besläp gelýän günlerinde Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň ajaýyp foýesi baýramçylyk ruhuna beslendi. Muzeýiň diwarlyklaryndan asylan dürli öwüşginli türkmen halylarynyň gözelligi bilen megerem, hiç bir zady deňäp bolmasa gerek. Dürli döwürlere degişli bu el halylarynyň gözelden-gözel keşbini synlap: «Aperin saňa, gudratly türkmen halysy, aperin saňa, keremli zenan elleri» diýeniňi duýman galýarsyň. Hawa, ilçilikde: «Gudrat görseň, daglara bar» diýilýär, meniň kalbymdan çykan ses bolsa, «Gudrat görjek bolsaň, türkmen halysyny gör...» diýip, onuň üstüni ýetirýär.

 Türkmen zenanynyň zehininden dörän ajaýyp halylaryň waspy, indi ençeme asyr bäri aýdylyp gelinýär. Türkmen zenanyna düşünjek bolsaň, onda onuň ezberlik bilen dokan halysyny synla. Şonda sen zenan kalbynyň sedasyna, aýdymyna we söýgüsine düşünersiň.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» ýaly ajaýyp kitaplaryny türkmen halysyna bagyşlap döretdi. Hormatly Prezidentimiziň «Janly rowaýat» kitabyny: «Siziň açan kitabyňyz beýik ynsan kämilliginiň gözbaşy bolan gözellik döretmek sungatyna seýran etmäge çagyrýar» diýen sözler bilen başlamagy tötänden däldir. Sebäbi türkmen halysynyň köpasyrlyk taryhy, onuň gözelligi, şu günki ýeten derejesi, hakykatdan hem, gözellik dünýäsiniň gymmatly hazynasydyr.

Hawa, söhbetdeşlik zenan bagtyýarlygynyň tekrarlanmasy barada boldy diýsek, öte geçmeris. Sebäbi önümçiligiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlar söhbetdeşligiň dowamynda zenan bagty barada buýsanç bilen pikir alyşdylar.

Abadan, asuda Watanda ýaşamak, ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän wakalara işjeň gatnaşmak, islän käriňde zähmet çekmek, döwlet tarapyndan maşgala goraglylygyny duýup ýaşamak — bularyň ählisi zenan durmuşynyň bagtyýarlygynyň aňlatmasydyr.

Türkmenistan Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlaryna deňhukukly gatnaşmak pikirini berkitmäge gönükdirilen işjeň gender syýasatyny ýöredýär. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere aýallaryň erkekler bilen deň derejede gatnaşmagyny has-da ýaýbaňlandyrmak üçin zerur bolan şertleri döretmek maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda Gender deňligi boýunça 2015—2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasynda» aýallaryň hukuklaryny üpjün etmegi kämilleşdirmek we mümkinçiliklerini artdyrmak babatda degişli çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň 2016—2018-nji ýyllar üçin BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak meseleleri baradaky düzümiň Ýerine Ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy halkara bileleşiginiň Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan netijeli işlerini goldaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň esasy hünärmeni Ogulsapar Çarybaýewanyň ýürek buýsanjyny size ýetirmegi makul bildik.

— Bahar paslynyň gözelligi bagşylara aýdym aýtmaga, şahyrlary goşgy goşmaga joşdurýar. Ýurdumyzyň halyçylary bolsa, bahar gözelligini öz dokaýan owadan halylarynda çitimleriň, owadan nagyşlaryň üsti bilen wasp etmäge çalyşýarlar. Göllerinde gözellik döredýän halyçy gelin-gyzlarymyzyň dokaýan ajaýyp halylaryny senetden sungat derejesine ýetirendigi üçin Arkadag Prezidentimize alkyşlarymyzyň çägi ýok. Hormatly Prezidentimiz ýakynda Kuweýt döwletinde we Birleşen Arap Emirliklerinde saparda bolanda şol ýurduň Atçylyk toplumyna we muzeýlerine aýlanyp gördi. Şol muzeýiň eksponatlarynyň başynyň türkmen halysyndan başlanýandygyny eşidip, biz, halyçylar has hem buýsandyk. Biziň ene-mamalarymyzyň çeper ellerinden, yssy mährinden dörän ajaýyp halylarymyzyň dünýä ýüzünde meşhurlyga eýedigine ýene bir ýola göz ýetirdik. Biziň ajaýyp el halylarymyza we olary döreden zenanlarymyzyň sarpasyny belentde tutýan Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys.

Şeýle alkyşly sözler Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgäri Ýazbibi Orazowanyň, Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň baş hünärmeni Enegül Myşşyýewanyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň uly ylmy işgäri Tyllanur Ataýewanyň çykyşlarynda hem ýaňlandy.  

Nirede çaga gülküsi ýaňlanýan bolsa, nirede ýylyň dört paslynda owadan güller açylýan bolsa, nirede enelere hormat-sarpa goýulýan bolsa, şol döwletiň zenanlary iň bagtyýar zenanlardyr. Türkmen zenanlaryny bagtyýarlygyň eşretli günlerine ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com