DILLERDE WASPYŇ, WATAN

Welaýat döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkanabat şäher geňeşiniň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bäsleşik Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylyna bagyşlandy.
«Dillerde waspyň, Watan!» ady bilen medeni çäreleri, baýramçylyk dabaralaryny alypbaryjylaryň arasynda geçirilen bäsleşige dürli ulgamlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar. Olar berlen wagtyň dowamynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylyny buýsançly çykyş- larda beýan etdiler. Ata Watanymyzyň, şanly Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitleriň, gazanylýan üstünlikleriň waspyny goşgy setirlerinde, çeper sözlerde, küştdepdidir gazallarda ýetirdiler. Şeýle-de bäsdeşler edebi beýan esasynda çäre geçirmekde, çäräniň täsirli bolmagyny gazanmakda ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda ýekelikde hem-de toparlaýyn güýç synanyşdylar.
Bäsleşigiň jemi jemlenilende, ýekelikde çykyş eden «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň ussasy Sahymämmet Amanow baş baýraga mynasyp boldy. Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby Meýlis Jandakow birinji, Balkanabat şäherindäki     2-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Ýazgül Hojaýewa hem-de Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyby Tyllatäç Atageldiýewa ikinji, Balkanabat şäherindäki 7-nji orta mekdebiň mugallymy Amanbibi Nuryýewa üçünji orunlary eýelediler.
Toparlaýyn bäsleşikde welaýat ýörite sungat mekdebiniň topary baş baýragy eýeledi. Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary birinji, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplary ikinji we Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyplary üçünji orunlara mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.    

Ejeş GUWANJOWA.
 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com