ÇEPER ELLI ZENANLAR BÄSLEŞDILER

Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň içinde halydyr keçelerimiz aýratyn orny eýeleýär. Çeper elli gelin-gyzlarymyzyň ýiti zehininiň, yhlasynyň hem-de päk arzuw-islegleriniň miwesi bolan bu önümlerde şan-şöhrata beslenen taryhymyz, türkmen tebigatynyň ajaýyplyklary öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe kökleri asyrlaryň jümmüşine siňip gidýän milli mirasymyzy täze röwüşde ösdürmäge, ony dünýä ýaýmaga uly üns berilýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan çeper elli, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda her ýyl däbe öwrülip geçirilýän «Gülüň owadan!» atly bäsleşik hem bu babatda uly ähmiýete eýedir.

Öňňin Türkmenabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky suw çüwdürimleri toplumynda şu bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa etraplarda, şäherlerde geçirilen deslapky tapgyrda ýeňiji bolan toparlar gatnaşdylar. Bilşimiz ýaly, öýleriň bezegi bolan keçeleri taýýarlamak örän inçe, hysyrdyly iş. Bu işe ukyp-başarnygyňy, yhlasyňy siňdireniňde, göwnüňdäki maksadyňa ýetip bolýar. Bäsleşige gatnaşan gelin-gyzlar hem özleriniň bu inçe senede ussatdyklaryny subut etdiler. Olar bäsleşigiň şertine görä, türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmekde we zerur bolan gurallary ulanmakda keçelere salynýan milli nagyşlary saýlamakda, keçe taýýarlamak bilen baglanyşykly yrymlary, rowaýatlary, gazallary, aýdyşyklary gürrüň bermekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Göze gelüwli keçelerde nagyşlary saýlamaga-da üns berilmelidir. Hususan-da, gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan «Ak tüýnük», «Gözenek», «Gülýaýdy», «Sekiz goçak», «Gelinbarmak», «Öküz oňurga», «Içýanagzy» ýaly nagyşlar keçe taýýarlaýan ene-mamalarymyzyň söýgüli nagyşlary bolupdyr. Häzirki wagtda-da zenanlar keçeleri bu nagyşlar bilen gülleýärler. Bäsleşige gatnaşyjylar hem öz hödürlän keçe önümlerinde şu nagyşlary ulandylar. Şu hem keçeleriň nepisligini, özüneçekijiligini has-da artdyrdy.

Eminler toparyna ýeňijileri kesgitlemek aňsat düşmedi. Çünki etrapdyr şäherlerden gelen toparlaryň taýýarlan keçe önümleri biri-birinden nepisdi, owadandy, özüneçekijidi. Her niçik hem bolsa ökdäniň ökdesi bolýar. Bu bäsleşikde ýeňiji bolmak Saýat etrabynyň gelin-gyzlarynyň paýyna düşdi. Olaryň taýýarlan keçesi iň gowy önüm diýlip yglan edildi. Welaýat bäsleşiginde öňdeligi eýelän saýatly gelin-gyzlar ýakyn günlerde paýtagtymyzda geçiriljek döwlet bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandylar. Halaç hem-de Darganata etraplarynyň toparlary bolsa, degişlilikde, ikinji, üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijiler Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Bäsleşik welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Bu çäre milli mirasymyzyň muşdaklarynda hem örän ýakymly täsirleri galdyrdy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com