2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygaryna beslenmegi atababalarymyzyň, enemamalarymyzyň geçmişde nesillerimize nusgalyk goýan işlerini içgin öwrenmeklige giň ýol açýar. Halkymyzda «Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz» diýlen pähim bar. Bu, dogrudanam, şeýle. Geçmişimize nazar aýlanymyzda türkmen halkynyň zähmetsöýer, merdana, dörediji, şahandaz halk bolandygyna göz ýetirýäris.
Sebäbi türkmen dessanlarynda beýan edilişi ýaly, türkmen toýuny kyrk gijegündizläp tutup, bagşy aýtdyryp, saz çaldyryp, şatlyk-şagalaňa beslenipdir. Gadymy kerwenleriň geçen ýollarynda gurlan ýadygärlikler, galalar, kerwensaraýlar türkmen topragyna aýak basan jahankeşdeleri, syýahatçylary haýran galdyrypdyr. Olaryň sünnälenip gurluşy, ýadygärliklerdäki nepis nagyşlar türkmeniň senetçilikden, çeperçilikden ussatlyk bilen baş alyp çykandygyny dünýä äşgär edýär.
Eýsemde, ene-mamalarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan keşdeçilik, halyçylyk sungatlarynyň hem ýokary derejede ösendigini, olaryň biziň günlerimize eli çeper gelingyzlarymyz tarapyndan dowam etdirilip, goraglanyp ýetirilendigi taryh sahypalarynda öz beýanyny tapýar.
Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň medeniýeti, sungaty ýüregi bilen gowy görüp, onuň inçe şahalarynyň nesillerimize daragt kimin ýaýramagy üçin şöhratly döredijilik ýollaryny geçendigi üçin medeniýeti halkyň kalbyna deňeýär. Beýle deňeşdirme halkymyzyň ähli ugurlarda ösen medeniýetli, ýagny özüni alyp barmakdada, däpdessuryndada, ylymlybilimli bolmagyndada, Watanyna, ene topraga bolan mährindede bardygyny tassyklaýar.
«Medeniýetim gülleýär, gülleýändir sungatym, Arkadagym giň dünýä ýaýýar türkmen gudratyň» ady bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda bilelikde geçiren döredijilik duşuşygynda hem hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen güngünden gülleýän milli medeniýetimiz, onuň şöhratly ýollary barada gyzykly gürrüňler edildi. «Garagum» žurnalynyň jogapkär kätibi, ýazyjy Bägül Annabaýewanyň duşuşygy açmak bilen, özüniň türkmen medeniýetiniň bir bölegi bolan kitabyň adamyň aňyna guýýan gudraty barada özüniň ýazan «Garagumlynyň syrlary» atly hekaýasy barada söz açmagy duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan sowaljogaply söhbede öwrüldi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy, Zenanlar birleşmesiniň Merkezi Geňeşiniň agzasy Baýramsoltan Myradowa gelingyzlarymyzyň el işleriniň nesillerimiz üçin dowamatdowam bolmagynda geçirilýän çäreler, bäsleşikler barada duşuşyga gatnaşyjylara beren gürrüňi täsirli boldy.
— Üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi döredijilik adamlaryny hasda önjeýli işlemeklige gönükdirdi. Halk dessanlary, rowaýatlary — bularyň ählisi Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly. Olardaky gahrymanlaryň edermenligi, öz ene topragyna bolan söýgüleri, gelingyzlaryň edepterbiýesi, wepalylygy, ugurtapyjylygy bize görelde mekdebi bolup hyzmat edýär. Ynha, «Görogly» şadessanyndaky Göroglynyň mekirlik bilen atyny ogurlaýan kempirini göz öňüne getiriň. Onuň ugurtapyjylykly hereketleri hem gülkiňi tutdurýar, hem onuň mekirligi, hilegärligi haýran galdyrýar. Zähmet çekýän ýerim bolan Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda «Görogly» spektakly goýlanda maňa ynanylan şol kempiriň keşbini uly höwes bilen janlandyrdym.
Bu keşp tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy — diýip, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Çommyýewa gürrüň berdi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljemal Orazdurdyýewanyň, şol kitaphananyň hünärmeni, ýazyjy Goçy Annasähedowyň, «Nesil» gazetiniň bölüm redaktory Rehmet Gylyjowyň eden çykyşlary hem gyzykly boldy.
Sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen üsti ýetirilen bu duşuşyk oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Medeniýetimiziň we sungatymyzyň güngünden gülläp, dünýä ýaýramagyna ýardam edýän Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aýdyň ýolýörelgeleri üçin çäksiz alkyşlar aýdyldy.
ZENAN KALBY
© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021 Email: tzb@online.tm