ALYM ZENANLARYŇ BÄSLEŞIGI

Ýurdumyzda ylmy ösdürmek, ony ösüşiň täze belentliklerine çykarmak babatda il-ýurt bähbitli işlere ýurdumyzyň alym zenanlary hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar döwlet we halkara maslahatlara gatnaşyp, ylmy neşirlerde, gazet-žurnallarda, teleýaýlymlarda ylmyň derwaýys meseleleri boýunça yzygiderli çykyş edip, türkmen ylmynyň gazananlaryny halkymyza ýetirmekde we dünýä ýaýmakda hem uly hyzmatlary bitirýärler.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda türkmen zenanlarynyň ylmy we döredijilik zehinini, ukyp-başarnyklaryny, ussatlygyny kämilleşdirmäge ähli şertler döredilýär Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan mähriban Prezidentimiziň bu babatdaky möhüm başlangyçlarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginden ugur alnyp, şeýle hem ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilip geçilýän Ylymlar gününiň dabaralandyrylmagyna mynasyp goşant goşmak, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işleri alyp barýan zenanlarymyzy ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen «Görnükli alym zenan» atly bäsleşik yglan edildi.

Bu bäsleşige alym zenanlar agrosenagat toplumynda innowasion tehnologiýalar; ekologiýa we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça; energetika, ýangyç we olary tygşytlamak; himiki tehnologiýa we bäsleşige ukyply täze önümleri döretmek; gurluşyk, binagärlik we seýsmologiýa; lukmançylyk we derman öndürmek; maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary; ykdysady we gumanitar ylymlary uguriary boýunça soňky birýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda

neşir edilen ylmy işleri, monografiýalary, ylmypublisistik makalalary bilen gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşan alymlaryň ylmy işleri we monografiýalary, ylmy makalalary bir-birinden many-mazmun taýdan özboluşlylygy, täsirliligi bilen has tapawutlanýar.

Düýn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň mejlisler zalynda «Görnükli alym zenan» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Şonda bäsleşigiň baş baýragyna Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Maral Annagulyýewa mynasyp boldy. Bäsleşigiň netijesi boýunça TDLU-nyň Ylmy-barlag merkeziniň direktory, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Swetlana Pleskanowskaýa, TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gurbangül Guzyçyýewa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bilim institutynyň Tebigy we takyk bilimler bölüminiň baş ylmy işgäri Maral Akyýewa, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň Biodürlülik barlaghanasynyň esasy ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejebaý Kokanowa dagy birinji orna mynasyp boldular. Olara ter gül çemenleri bilen gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle-de, alym zenanlaryň bäşisi ikinji orna, dördüsi bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşyp, üstünlikli çykyş eden zenanlara höweslendiriji baýraklar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Sona DURDYÝEWA.

«Tiirkmenistan». gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com