KEÇE NAGŞY — ÖÝÜŇ KÜMŞI

Düýn paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet, Dokma senagaty ministrlikleriniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda çeper elli zenanlaryň «Gülüň owadan!» atly keçe sungaty bilen baglanyşykly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Däp bolan bäsleşikde Aşgabat şäherinden hem-de welaýatlardan deslapky

bäsleşiklerde tapawutlanan çeper elli zenanlar özara ýaryşdylar. Olar, ilki bilen, ýüňi saýlamak, saýmak, ýüň daramak, pişge ýasamak, keçäniň gamşyny dokamak işlerini ýerine ýetirdiler. Soňra milli nagyşlary salyp, keçe güllemek bilen birlikde, onuň taryhyndan rowaýatlary, keçä degişli bentleri aýdyp berdiler. Biziň ilkinji gürrüňdeşimiz Aşgabat şäherinden Narjan Begmedowa boldy:

— Gulpaklyja döwrümden keçe ederdik. Alaja hakynda aýtsam, ol gijäni-gündizi ýatladyp dur. Onuň ýene bir manysy, gözden-dilden goramak üçin edilýär. Keçe ýakymlylygy boýunça saglyga hem peýdaly. Gadymy keçe sungatymyz bu gün çuňdan öwrenilýär. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda şeýle bäsleşigiň geçirilmeginiň juda uly ähmiýeti bar. Milli mirasymyza gaýtadan şan beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, tutumly işleri rowaç bolsun!

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndan Annaşeker Nurmämmedowanyň keçe taýýarlamakda sümegiň orny baradaky gürrüňi hem ünsi çekiji boldy:

  • Ilki boýap, soňra ýüňi daraýaň. Pişge edip, soň süýüp, sümek edilýär. Sümek keçede gül çyzmak üçin gerek. Gül çyzyp, soňra içini nagyş bilen doldurmaly.

Annaşekeriň sözüni Babadaýhan etrabyndan gelen keçeçi zenan Annajemal Moýtyýewa alyp göterdi.

  • Keçe saryja goýnuň ýüňünden edilýär. Biz bäsleşige tazyguýruk, sekizgoçak gülli keçelerimizi

getirdik. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi keçe sungatynyň has-da ösmegine getirýär.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndan Nursoltan Hajyýewa öz gürrüňini bäsleşige getiren keçelerinden başlady. Olaryň arasynda ak tüýnük, gyzyl tüýnük, kowalama, äşe nagşy, labyr, sekiz goçakly, gülaly gülli keçeler bar.

Gamyş yazyp, gül goýýas, Gaýnan suwy bol guýýas

  • diýip, söze başlan Nursoltan namazlyk keçäniň taýýarlanylyşy dogrusynda-da gürrüň berdi. Aýratyn hem onuň «Öýi keçeliniň gyzy kejebeli», «Keçäniň nagşy — öýümiziň kümşi» diýen täsirli nakyllaryny ýandepderçämize belläp aldyk.

Ýara saldyk bilege,

Geliň indi kömege Arkalaşyp alalyň,

Keçämizi bolalyň

  • diýip, goşgy setirlerini aýdyp beren zenan gülsüz — ak keçe hakdada gürrüň berdi. Ak keçe ak öýlere hem-de atlara ýapynja hökmünde ulanylýar. Erkek kişilere ýankeçe bolubam hyzmat edýär. Akgoýun toýuny-da ak keçede toýlaýarlar.

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndan Ýazsoltan Gurdowa milli gymmatlygymyz bolan keçe hakda öz gaýynenesi Nartäç Gurdowadan öwrenenlerini aýdyp berdi. 80 ýaşly Nartäç daýzanyň 6 gelni bar. 01 bilýänlerini gelinlerine-de öwredipdir.

— «Gülüň owadan» atly keçe bäsleşigine ilkinji gezek gatnaşýaryn. Jamy gülli, tumar, gülýaýdy gülli keçeleri getirdik. Gyrasy ak keçe pygamberýaş toýunda, çaganyň diş toýunda ulanylýar. Gelin keçe tegelek bolýar.

Saýlap alan güýz ýüňüm, Keçäniň durkun tutar.

Saýlap alan ýaz ýüňüm, Keçede nagyş çeker

  • diýip, keçe sungatyna belet Ýazsoltan gürrüňini dowam edyär:

— Keçede reňk esasy orunda durýar. Gyzyl, ak reňkler keçä aýratyn bezeg berýär. Reňki dury düşen keçe täze dogan Gün ýaly lowurdap, gyrawlap çykar. Onsoň hem keçäniň basymyny ýetirmeli. Iki gyrasyny ussat keçeçilere tabşyryp, uç çykaryp bassaň, oklaw ýaly göni keçe çykýar. Guradyp, täzeden bişirilen keçäniň ömri uzak bolýar. 3-4 sagat çekilip, her 10 minutdan gaýnag suw guýlan keçe gatyja bolýar. Gaýynenem «Işli gelin il bolar» diýip, eli hünärli bolmagyň peýdasy hakda hem aýdyp berýär.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndan Maýagözel Ýazgulyýewa, Gurbanaý Annanyýazowa, Türkmenabat şäherinden Aýjemal Orazowa hem keçe sungaty bilen baglanyşykly söhbetlerinde türkmen

tebigatynyň ösümliklere baýdygy, şol ösümliklerden alynýan tebigy boýaglaryň keçe sungatynda uly ornunyň bardygy, goçak nagşynyň gelip çykyşy hakda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylymyza bagyşlap keçe taýýarlandyklary hakda gürrüň berdiler. Kiçeňräk tegelek keçäniň ýüzüne «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi 2018» diýen ýazgy ýazylypdyr. Ýurdumyzyň kartasy ýaşyl reňkde keçäniň merkezinde ýerleşdirilipdir. Bu zenanlardan ýaş nesle keçe taýýarlanyşyny öwredişleri hakda eşitmek hem diýseň ýakymly boldy.

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Täze ýol» geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň müdiri Ogulnabat Akmedowanyň gürrüňi hem keçe sungaty bilen bagly däp-dessurlara, arzuw-niýetlere syrykdy. «Keçe göwünli gelnim bolsun», «Oglum bagşy bolsun, oturan ýeri ak keçäniň üsti bolsun» diýip gürrüň berýän Ogulnabat keçede ulanylýan reňkleriň aňladýan manysy hakda-da gyzykly gürrüň berdi.

Bäsleşigiň guralan ýeri özboluşly sungat sergisini ýada saldy. Bu ýerde taýýar keçelerem, güllenip başlanan keçelerem, keçe gamşy hem, saýylyp goýlan ýüň hem goýlupdyr.

Eminler toparynyň biragyzdan gelen netijesine görä, 1-nji orna Ahal welaýatynyň, 2-nji orna Aşgabat şäheriniň, 3-nji orna Daşoguz welaýatynyň çeper elli zenanlary mynasyp boldy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com