Ene – ýagty dünýäniň ýaraşygy

          Ine, hormatly Prezidentimiziň ýene bir kitaby türkmeniň aň hazynasyna goşuldy.  Bu  kitaby elimize alyp, onuň çuň many­mazmunyny yzarlap başlanymyzda bir hakykata göz ýetirýäris, milli Liderimiziň ähli eserleriniň naýbaşy, hemme kitaplardaky oý­pikirleriň gözbaşy bolan baş eser — «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitap elimize gowuşdy. Hemme zat eneden başlanýar. Dünýädäki ýaşaýyş eneleriň mähri bilen dowam edýär.

Älemde  dowamaty­dowam  etdirmek  enä  buýrulan. Bu — enäniň iň ajaýyp kysmaty. Eneler öz ömürleriniň bu mukaddes wezipesini çäksiz buýsanç, çuňňur söýgi bilen amal edýärler. Perzentli bolmak, nesliň dowam etmegi maşgala üçin ýaşaýşyň, barlygyň esasy manysy. Mähriban Arkadagymyzyň täze kitabyndaky şu setirler bu barlykda enäniň mukaddes ornuny beýan edýär: «Ene ýaradylyşda dowamatyň dowam etmeginiň başlangyjydyr. Ene ähli ýaradylyşa  dahylly   beýik  düşünjedir. Enä  minnetdar  bolmak  özüňe, şu dünýä, tutuş barlyga dahyllydygyňa soňsuz hoşallygyňdyr. Perzendiň şu dünýäde mynasyp orny eýelemeginiň esasynda oňa berilýän mähir, yhlas, alada jemlenendir».

Enäniň perzent baradaky aladasy, tükeniksiz söýgüsi hakdaky kyssalar, şygyrlar, rowaýatlar, tymsallar umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynda orun alan. Ýöne ene hüwdüsiniň ýagty jahandaky ýaşaýşyň baky owazy bolup ýaňlanyp durşy ýaly, eneler hakdaky kyssalaryň­da soňlanmaýany belli. Çünki ene bilen perzendiň arasyndaky baglanyşyk barlyk bilen adamyň arasyndaky gatnaşyk ýaly gudratly bir ahwal. Adamyň ýaşaýyşdan irmeýşi ýaly, ene mähri hem adamyň ömrüniň tükenmez çeşmesi. Ene bilen perzendiň arasynda düşündirip  bolmaýan,  güýçli hem täsin bir duýgy bar. Elbetde, maşgalada atanyň hem enäniň öz orny bar. Perzentler käbesiniň hem kyblasynyň saýasynda durmuşyň nämälimliklerden doly, uly ýoluna arkaýyn hem ynamly gadam goýýarlar. Ykbal ýollarynda perzent üçin enäniň goldawynyň, ýürek mähriniň aýratyn ornunyň bolmagy, eneleriň kalby, ruhy dünýäsi, durmuşyň, öz ömrüniň manysy baradaky üýtgeşik, tebigy garaýşy bilen baglydyr, megerem. Şoňa görä­de, hormatly Prezidentimiz: «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabynda: «Halklaryň arasynda ýaýran gadymy rowaýatlaryň, aýtgylaryň köpüsinde enäniň adaty däl ynsandygy hakynda aýdylýar» diýip ýazýar.

Adamzat taryhy her dürli wakalar, hadysalar, ýokary göterilişler we pajygalar bilen dowam edip gelýär. 1941—1945­nji ýyllaryň urşuny ýatlap görenimizde, şol döwrüň eneleriniň başyna düşen agyr ýük, uruş baradaky ähli hasratlaryň taryhyň gatyndan hiç haçan öçmejek nyşany bolup ör­boýuna galýar. Çünki hemme pidalaryň, horluklaryň yzasynyň eneleriň ýüreginiň, kalbynyň üstünden geçendigi hakdaky ýatlamalar onlarça ýyl geçse­de, halkyň hakydasyndan öçmeýär. Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky gollaryny gerip, perzentleriniň başynyň aman, sag­salamat uruşdan dolanyp gelmegini dileg edýän Enäniň heýkeli her bir hasratly wakalarda eneleriň başyna düşýän ýükleriň nyşany mysaly, nesillere köp zatlary ýatladyp dur.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda parahatçylyk  söýüjilik,  hoşniýetli  goňşuçylyk, dostlukly   hyzmatdaşlyk   syýasaty bilen  bagtyýar  durmuşy  berkarar          eden Gahryman Arkadagymyzyň türkmen eneleri, zenanlar, gelin­gyzlar hakdaky  çäksiz  aladasy  türkmen milletiniň taryhynda mähremligi, parasatlylygy bilen öçmejek terbiýeçilik ýoluny, däp­dessurlary, ruhy­medeni gymmatlyklary döreden ene­mamalarymyzyň  ruhuna  hormatdyr.  Taryhyň  çylşyrymly menzillerinde milletiň belentligini päkize pikir­duýgulary bilen gorap gelen türkmen enesine tagzymdyr.

Mähriban Arkadagymyz türkmen eneleriniň, zenanlaryň mertebesini belende galdyrmak ugrunda paýhasly syýasat alyp barýar. Türkmen zenanlarynyň jemgyýetde uly orny bar. Olaryň hukuklary döwlet kanunlary arkaly goralýar. Türkmenistan aýallaryň, eneleriň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek baradaky halkara Konwensiýalaryna goşuldy. Esasy Kanunymyzda aýallaryň erkekler bilen deň hukuklylygy beýan edilendir. Şeýle hem, biziň ýurdumyzda «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär.

Milli Liderimiziň tagallasy bilen köp çagaly maşgalalara döwlet goldawlary berilýär. Her ýyl döwlet derejesinde geçirilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we ondan­da köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly atlaryň dakylmagy, birnäçe enelere ýaşaýyş jaýlarynyň sowgat berilmegi, çagalar bagyna gatnaýan gyzjagazlardan başlap, çagaly enelere, işleýän we hormatly dynç alyşdaky enelere, zenanlara hormatly Prezidentimiz tarapyndan pul sowgatlarynyň  gowşurylmagy,  göreldeli  zenanlaryň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagy biziň ýurdumyzda enelere, zenanlara, gelin­gyzlara goýulýan sarpanyň örän belentdigini görkezýär.

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty arkaly Türkmenistanyň parahatçylykly ösüşini ýola goýmagy, halkyň ýokary derejeli ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda ähli şertleri döretmegi eneleri bagtyýar edýär. Çünki perzentleriniň, nesilleriniň bagty, olaryň geljeginiň ygtybarlylygy eneleriň röwşen arzuwy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen taryhynda mizemez yz goýýan durmuş ýoly, garaýyşlary, orta atýan pikirleri ähli eserlerinde pugta mazmun esaslaryny emele getirýär. Döwlet Baştutany hökmündäki şahsy garaýyşlary, öz maşgalasy, pederleri hakdaky pikirleri hemişe halkyň milli  ýol­ýörelgeleriniň,  jemgyýetçilik   durmuşynyň,   milletiň  beýik  taryhyny kökleriniň aýratynlyklary   bilen   jebis utgaşýar. Mähriban Arkadagymyz   özüniň   hem­de   maşgalasynyň            durmuş, ömür ýoluny türk halkynyň  ykbaly  bil mäkäm baglany göz  öňüne  getirýär.  Milletiň beýik häsiýetlerini öz maşgalasyndaky mähirli gatnaşyklar, edim­gylymlar arkaly ýüze çykarýar. Şoňa göräde, hormatly Prezidentimizi, onuň maşgala agzalaryny, pederlerini, mähriban käbesini halkymyz öz ýakynlary ýaly kabul edýärler we olara hormat goýýarlar.

Ogulabat ejäniň keşbinde­de hamrak türkmen enesiniň ajaýyp sypatlary jemlenen. Hormatly Prezidentimiziň öz mähriban käbesi hakdaky ýürekdeş gürrüňleri okyjylara ýakyn, düşnükli. Türkmeniň bitewi ykbalyny mäkämleşdirýän inçe duýgulara beslenen, ene bilen perzendiň gadyrdanlygyny, birek­birege hormat­sylagyny çeper beýan edýän bu kitap milli Liderimiz bilen halkyň arasyndaky jebisligiň, ruhy baglanyşygyň ýene bir köprüsi bolup hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistany adamlaryň ýaşaýşy üçin iň asuda mekana öwürmegi başardy. Biziň ýurdumyz uly mümkinçilikleriň ýurdudyr. Arzuwlaryň hasyl bolýan Diýarydyr. Gülläp ösýän Watanymyzda eneler öz perzentleriniň geljegine ynamly garaýarlar. Hormatly Prezidentimiz ygtybarly durmuşy, durnukly ösüşi mundan beýläk­de has belent derejelere ýetirmek ugrunda belent maksatlary öňe sürüp, halkymyzy beýik işleri bitirmäge ruhlandyrýar.

Ýurdumyzda ösüş­özgerişler bir pursat hem togtamaýar. Oba­şäherlerimiz gözel görke gelýär. Täze­täze ýollar, kärhanalar, bilim, medeniýet, saglyk ojaklary, sport desgalary döreýär. Şol bir wagtyň özünde biziň jemgyýetimizde halky geljege ruhubelentlik bilen alyp gitmek üçin aňyýetiň kämil ulgamlary döredildi. Halkyň aňyny, dünýägaraýşyny baýlaşdyrmakda  Gahryman  Arkadagymyzyň  gymmatly  pikirlere, çuňňur  duýga,  ynsanperwer  garaýyşlara  beslenen kitaplarynyň aýratyn orny bar. «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyň neşir edilip, halka ýetirilmegi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň  ýüregi»  ýylynyň  ýatdan çykmajak,  buýsançly  wakalarynyň biridir.

 

 

ZENAN KALBY

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com