GÖZELLER BÄSLEŞENDE

Edaly  türkmen  gyzynyň geýniş medeniýeti, özüne  timar  berşi  hem sungat        derejesine ýetirilen. «Gyz ede bi   —   gyzyl   gül», «Gyzym bar — gyzylym bar» diýmek bilen,  ene-mamalarymyz    gyzjagazlarynyň   saçy   ýaňy örüme girenden eline ýüpek sapak  berip,  alaja  işmäni öwredipdirler.         Şeýdibem,        gyzjagazlaryň aňynda milli mirasymyza bolan  höwesi  oýarypdyrlar.  Keşde çekmek,  gaýma  gaýamak,  begres, çabyt, kürte nagyşlamak gözel gyzlarymyzyň daşky keşbi bilen içki gözelligini sazlaşdyrýan el hünärleridir. Asylzada enelerimiziň zähmet siňdirip, sungat derejesine ýetiren keşdeleri, milli  içüwdäki geýim-eşiklerimiz biziň milli buýsanjymyzdyr.

Ynha, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde geçiren «Aşgabat gözeli» bäsleşiginde hem gyz edebiniň şu asylly ýörelgeleri giňden şöhlelendirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşikde paýtagtymyzdaky etraplardan deslapky tapgyrda ýeňiji bolan gözel gyzlarymyzyň çykyşlary diýseň täsirli boldy. Halkymyz gojaman taryhyndan tä şu güne çenli gyzlaryna aýratyn hormat goýup gelýär. Muňa bu bäsleşigiň dowamynda hem göz ýetirmek bolýar. Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, oňa gatnaşan gyzlar mähriban Arkadagymyzyň ak şäherimiz Aşgabady ösdürmekde alyp barýan beýik işleriniň waspyny ýetirip, şäher ösüşine özüniň goşýan goşandyny, şäher gözelligine bolan ýürek buýsançlaryny şygyrlaryň, aýdym-sazyň üsti bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň ikinji  şertine görä, gözel gyzlarymyz mähriban Arkadagymyzyň türkmen sportuny ösdürmäge uly üns berýän bagtyýarlyk döwrüniň sesine ses goşup, döwür bilen deň gadam urmak, sagdynlyk gözelliginiň sazlaşygyny dabaralandyrmak, sagdyn durmuşy wagyz etmek, sport we tans hereketlerini sazlaşykly ýerine ýetirmek arkaly öz gözelliklerini ussatlyk bilen görkezmegi başardylar. Türkmeniň milli ruhuna kybap gelýän sazlaşykly   hem-de   gözel   geýinmek şerti bäsleşigiň has-da gyzykly geçmegine täsirini ýetirdi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni, eminler toparynyň başlygy Ogulbahar ALLANAZAROWA bäsleşigiň täsirleri barada şeýle gürrüň berdi.

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda pajarlap ösýän we aýdyň ýol bilen öňe barýan Watanymyzyň mermer paýtagty bolan gözel Aşgabat özüniň döwrebap  binagärlik sazlaşygy bilen dünýä nusgalyk şäher hökmünde her bir türkmeniň ýürek buýsanjyna öwrüldi. «Aşgabat gözeli» bäsleşigi paýtagtymyzyň gözelleriniň arasynda geçirilip, ol sagdynlygy, gözelligi wagyz etmek, ak şäherimiz Aşgabadyň waspyny dünýä ýaýmak, türkmen gözelleriniň sagdyn jemgyýetde özlerini mynasyp alyp barmaklaryny hem-de ene-mamalarymyzdan türkmen zenanlarymyza miras  bolup şu günlerimize ýeten, sünnälenip bejerilen, nepis nagyşlarymyzy ulanyp, milli ruhda döwrebap lybaslary sazlaşykly geýinmeklerini we olary apalap, geljekki nesillerimize ýetirmegi maksat edinýär. Bäsleşige gyzlarymyz diýseň taýýarlykly gelipdirler.

Ýaşlara edep-terbiýe bermek, nesliň sagdyn ruhly, ynsanperwer, Watana wepaly, ene-ata, ýurduna mähriban bolup ýetişmegi üçin türkmen halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan nakyllaryň, atalar sözüniň hyzmaty uludyr. Türkmen gyzy elmydama edep-ekramyň, asyllylygyň beýik nusgasy bolup, olaryň şöhraty türkmen edebiýatynyň eserlerine siňipdir. Wepadarlygy, gözelligi tug edinen gözeller ynsan durmuşynda bolup geçýän dürli ýagdaýlarda-da milli ruhuny ýitirmän, döwrebap, sazlaşykly geýinmegi başarýarlar. Türkmen gözelleriniň sazlaşykly we gözel geýinmegi türkmen lybaslarynyň gadyr-gymmatyny dabaralandyryp, ösüp gelýän ýaş nesle nusga alarlyk göreldedir. Ynha, bäsleşigiň üçünji şertinde bu häsiýetler beýan tapdy. Bäsleşige gatnaşan gözeller milli lybaslaryň döwrebap öwüşginli görnüşlerini görkezdiler. Bu ajaýyp lybaslaryň hersi özüniň aýratynlygy bilen tapawutlandy.

Ýaş gyzlarymyzy dogry ýola gönükdirýän enelerimiziň durmuşy, edim-gylymlary biziň üçin görelde mekdebidir. Olaryň gadymdan gözbaş alýan bu durmuş mekdebi häzirki günde biz üçin uly gollanmadyr. Bäsleşigiň  jemi jemlenende, emin agzalary  diňe bir gözel gyzlaryň her bir şerti ussatlyk bilen ýerine ýetirijilik ukybyna baha bermän, eýsem, olaryň geýen milli egin-eşiklerine, dakynan şaý-seplerine, sahnada özlerini alyp baryşlaryna hem üns berdiler. Bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlary, gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.

 

 

Zenan kalby

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com