2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly
Golaýda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde çeper elli zenanlaryň arasynda «Gülüň owadan!» atly keçe bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi.
Türkmen zenanlarynyň el işlerine çeperligi, ýiti zehini olaryň durmuşyny, öýlerini bezäpdir. Biz o döwürler gyzjagazdyk. Ejem dagy goňşy-golamlar bilen üýşüp keçe ederdiler. Ýöne keçe etmezden ozal, özümden uly aýal doganym Bibi ikimiziň işimiz ýetik bolýardy. Biz her ýylda azyndan dört-bäş keçe ederdik. Şonuň üçin şol keçeleriň ýüňüni gürmekden saýlamak, arassalamak, saýmak, daramak, güli üçin pişge ýasamak, süýüm etmek, ýumak çekmek biziň boýnumyzady. Ýüňleri ejemiň özi boýardy. Men ejemiň gazana ýüň atyp, ony dürli reňklere boýaýşyny synlap durardym. Ýüň ep-esli wagt boýagyň içinde ýatansoň, lowurdap duran reňklere öwrülýärdi. Ejem olary ýüplerden asyp goýardy. Gök, gyzyl, ýaşyl, mämişi reňkdäki ýüňler, misli älemgoşary ýatladyp durardylar. Garaz, ýüňi taýyn edenimizden soň, biz çagalar üçin iň hezil ýeri başlardy. Ilki bir jaýymyzyň düşeklerini aýryp, gamyş ýazyp keçäni güllemäge başlardyk. Ol gün men ýada doganym: «Şu gün keçe gülleýäris» diýip, käbir goňşularymyza aýdardyk. Agşamara her kim öý işlerini birýana edip, bize ýygnanyşardylar. Gelin-gyzlaryň gülküsi, garry eneleriň keçäniň başynda gürrüň berýän gyzykly gürrüňleri, rowaýatlary, tymsallary, başdan geçirmeleri häzir hem gulagymda ýaňlanyp dur. Biz hem gülleşjek bolup çyr-çytrakdyk. Şonda käbir ýaşrak gelinler: «Baryň, öz işiňiz bilen boluň, bize aýakbagy bolmaň» diýip, kowmaga çalşardylar. Emma hatarymyzyň iň ýaşuly zenany Amansoltan daýza gelinlere bir alarylardy-
da: «Çagalara-da beriň, öwrensinler. Bu gün bu ýerde siz otursaňyz, ertir olar siziň ýeriňizde bolmaly. Şonuň üçin, goý, öwrensinler. Gülleriň içini doldurdaýyň, halys bolmasa» diýerdi. Biz hem arkamyz alnanyna monça bolup, keçe güllemäge başlardyk. Keçe etmek aňsat iş däl, ony gülläp bolaňsoň, gamyşdaka çekmeli. Ony çekmek üçin güýç gerek, köplenç, birbada gelnejelerimiz çekip başlasalar hem soňra, erkek kişileriň kömegi gerek bolýardy. Keçe çekilip bolansoň, keçäni açyp, basyp başlamaly. Bilekleriňi çermäp, keçe basmak aňsat iş däl. Köplenç, keçe basylanda onuň iki başynda tejribeli, bilekleri güýçli zenanlar oturýar. Sebäbi keçäniň başyny juda berk tutmaly. Keçe basylýan wagty birsydyrgyn gyzgyn suwuny ýetirip durmaly, keçäniň gyralary göni bolmaly. Keçe edilen wagty gelýän goňşy-golamlar: «Gülüň, owadan!» diýerdiler, ejem hem: «Ömrüň, owadan!» diýip, jogap bererdi.
Ynha, bu günki «Gülüň owadan!» atly keçe bäsleşigi maňa çagalygymyň bir ajaýyp pursadyny ýatlatdy. Men owadan edilip bezelen zalyň içinde öz el işleriniň arasynda işe meşgul bolup oturan gelin-gyzlaryň ýanyna baryp, olar bilen, olaryň eden keçe önümleri bilen tanyşýaryn. Meniň ilkinji söhbetdeşlerim Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndan gelen Ýazgül Ejekowa (7-nji çagalar bagynyň işgäri), Enejan Gurbannazarowa (8-nji çagalar bagynyň işgäri). Tanyşlygymyň dowamynda balkanly gelin-gyzlaryň çeper ellerinden çykan keçeler we keçe önümleri nepisligi, gözelligi bilen meni özüne çekdi. «Ak tüýnük», «Gyzyl tüýnük», «Gözenek» ýaly nagyşly keçeleriň edilişini synlaýaryn. Boz keçe, güýz keçe, gülli keçe, gelin keçe, namazlyk, ak keçe, ojakbaşy ýaly dürli görnüşdäki, dürli ölçegdäki keçeleri synlaýaryn.
Mary welaýatyndan gelen Ýazgül Gurdowanyň keçe hakyndaky rowaýaty bäsleşige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
— Gadym, zamanda üç sany dost bolupdyr. Olaryň biri sazanda, biri suratkeş ýene biri küştçi bolupdyr. Bular uzak ülkelerden syýahatdan gelýärkäler, öňlerinden garakçylar çykypdyr. Galtamanbaşy bulary ýanyna çagyryp, kimiň näme kär edýäni bilen gyzyklanypdyr. Küştçä ol özi bilen küşt oýnamagy tabşyrypdyr. Küştçi juda ussat bolansoň onuň bilen deňme-deň oýnamagy başarypdyr. Sazandanyň çalan sazy hem galtamanbaşynyň göwnünden turupdyr. Indi gezek suratkeşe ýetipdir. Galtamanbaşy oňa meniň suratymy çek diýipdir. Çölüň içinde hiç hili guralsyz suratkeş goýnuň ýüňünden alyp, çapyp barýan atyň üstünde oturan galtamanbaşynyň suratyny ökdelik bilen çekipdir we üç dost öz hünärleriniň arkasyndan duşmandan halas bolupdyrlar. Şondan soňra türkmen zenanlary ýüňden dürli şekilleriň suratyny salyp keçe edip başlapdyrlar. Türkmen halkynyň geçmiş taryhy şöhratly sahypalardan doly.
Keçe bäsleşigine gatnaşan zenanlaryň aýdan aýdymlarydyr gazallarynda milli mirasymyzyň pajarlap ösmegine giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan işleriniň waspy ýaýyldy. Türkmen öýleriniň bezegi bolan türkmen milli keçesine bagyşlanyp geçirilen bu bäsleşik ýaş gyzlarda milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdymak babatda öz maksadyna ýetendir diýip pikir edýäris.
Bäsleşigiň dowamynda baýrakly orunlara mynasyp bolan Ahal welaýatyndan, Aşgabat şäherinden, Daşoguz welaýatyndan gatnaşan gelingyzlara gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.
ZENAN KALBY
© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021 Email: tzb@online.tm